Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýusufzaýyň hormatyna “global hereket güni” bellenilip geçilýär


Şenbe güni halkara derejesinde pakistanly 15 ýaşly Malala Ýusufzaýyň hormatyna “global hereket güni” bellenilip geçilýär.

Şeýle ýörite günüň bellenilip geçilmegi baradaky karar ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň sowatlylyk baradaky ýörite wekili, Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Gordon Braun tarapyndan yglan edildi.

Malala Ýusufzaý geçen aý aýal-gyzlaryň sowatlylygyny wagyz etmek boýunça alyp barýan aktiw işi üçin talybanlar tarapyndan atylyp, agyr ýaralanypdy.

Häzirki wagt ol Britaniýanyň Birmingham şäheriniň keselhanasynda bejergi alýar. Britaniýada müňlerçe adam Malala Ýusufzaýy parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürläp, gol toplaýyş çäresini geçirdi.
XS
SM
MD
LG