Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Täze karardan soň, ýurduň aksiýalary pese gaçdy


Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmak baradaky karara gol çekmeginiň yzy bilen, ýekşenbe güni maliýe bazarlarynda Müsüriň aksiýalary 9 prosent pese düşdi.

Muhammad Mürsüniň öz ygtyýarlyklaryny artdyrmagyna garşy müňlerçe adam ýurduň dürli şäherlerinde protest demonstrasiýasyna çykdy. Şenbe güni protestçileriň ýüzlerçesi paýtagt Kairdäki Ýokary suduň binasynyň öňüne ýygnandy.

Prezidentiň bu soňky çäresine protest bildirip Müsüriň sudýalar Assosiasiýasy ýurduň prokuratura we sud işgärlerini ähliumumy iş taşlaýyşlyga çagyrdy.

Müsüriň sudýalar Assosiasiýasy prezidentiň çakdanaşa uly ygtyýarlyklara eýe bolmagyny sud häkimiýetine garşy “görlüp-eşidilmedik derejedäki hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG