Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta etraplarda sport klublary ýat boldy


Aşgabadyň eteginde, 2010-njy ýyl.
Aşgabadyň eteginde, 2010-njy ýyl.
Häzir Türkmenistanyň Serhetabat,Tagtabazar, Ýolöten ýaly günorta etraplarynda ýekeje-de sport kluby ýok. Bu ýagdaý eýýam on ýyl bäri dowam edip gelýär.

2002-nji ýylyň ikinji ýarymynda mekdeplerde bedenterbiýe sapaklary ýatyrylypdy, ozal hem sany az bolan sport klublary şondan soň doly ýapyldy.

Ýerli ýaşaýjylaryň ýatlamalaryndan çen tutulsa, ondan öň Tagtabazar etrabynda karate, erkin göreş sport klublary bar eken. Şol ýere gatnaýan ýetginjekler baýramçylyklarda halkyň üýşýän ýerinde öz emellerini görkezer ekenler. Ýaşlar woleýbol, basketbol, futbol ýaly oýunlary mekdepleriň sport zallarynda oýnaýar ekenler. Ulurak ýaşly adamlar hem dynç alyş günlerinde ýa-da iş wagtlary gutarandan soň açyk meýdanda woleýbol, basketbol ýaly oýunlar bilen ýaşlary gyzyklandyrýar ekenler.

“Kiçiräk wagtym bizden ulularyň woleýbol, futbol oýnaýyşlaryny görýärdim, şondan soň meniň sporta bolan höwesim artdy. Diňe meniňki däl, meniň bilen ýaşdaş oglanlaryň köpüsi şeýledi. Wagt tapsak, pökgimizi alyp, woleýbol, futbol oýnaýardyk, aramyzdan gowy sportsmenler çykdy” diýip, Ýolötende ýaşaýan 35 ýaşlaryndaky Döwlet ýatlaýar.

Tagtabazarly Agadurdynyň aýtmagyna görä, öz etraplarynda geçirilen resmi baýramçylyklaryň ählisinde sport ýaryşlary gurnalýardy. Şeýle sport ýaryşlarynda sportsmenler öz güýçlerini synamaga obalaradan hem gelýärdiler. Toýlarda hem sport ýaryşlaryny gurnamak dabalaryň aýrylmaz bölegine öwrülipdi.

“Göreş tutmak, 16,24,36 kg agyrlykdaky daşlary götermek, woleýbol, futbol, hatda at çapyşdyrmak ýaly sportlar boýunça toýma-toý aýlanýardyk. Biziň özümiziň türgenimiz bardy, dürli ýerlerde geçirilýän göreşler gatnaşyp, toýdan-toýa tejribe ýygnaýardyk” diýip, 30 ýaşlaryndaky Agadurdy aýdýar.

Ýagdaý üýtgäpdir

Görnüşe görä, sport klublary ýapylandan soň, köp zat uýtgäpdir. Sport klublarynyň ýapylmaklygy adamlaryň iş ýerlerinden köpçülikleýin boşadylan wagtyna hem deň gelipdi. Şol sebäpden hem sportsmenler, türgenler maşgala eklenjiniň ugruna çykypdyrlar. Sporta degişli infrastrukturalary çaň basyp gidipdir.

“Sporta üns berilmänligi sebäpli, biz Aşgabada gurluşyk firmalarynda işlemäne gitmeli bolduk, sebäbi iş ýokdy. Şol wagtlar neşekeşligem ösüpdi. Mekdeplerde, sport meýdançalarynda turnik, brusýa ýaly zatlary düýbünden aýyrdylar” diýip, öňki türgenleriň biri ýatlaýar.

Häzir eklenji kyn bolan maşgalalarda ene-atalar hem çagalaryny sporta ugrukdyraslary gelenok. Sebäbi “bular gazanç etmeýärler” diýen düşünje bilen, olardan özlerine iş tapynmaklaryny talap edýärler. Ondan başga-da, olar öz çagalary sport bilen meşgullanan wagty ýaralansa, köp pul çykarmaly boljakdyklaryndan howatyrlanýarlar.

“Çagalarymyzyň sportsmen bolmagy gowy, ýöne ýeke özüm gazanç edýän, aç adamyň sport bilen näme işi bolsun?! Sportsmen gowy iýmitlenmeli. Bir ýerine şikes ýetse, hassahanada ençeme pul çykarmaly” diýip, Tagtabazarda ýaşaýan we adyny aýtmazlygy haýyş eden maşgalabaşy aýdýar.

Göräýmäne, soňky wagtlar sporta uly üns berilýän ýaly, hatda şu ýylyň 16-njy awgustynda bolan maslahatda prezident Sport komitetiniň başlygyny çalyşdy, bu komiteti turizmden aýyrdy. Ol biziň jemgyýetimizde sporta aýratyn üns berilýändigini belledi. Ýöne heniz hem ýurduň günorta etraplarynda ýekeje-de sport kluby ýok. Bu ýeriň ýaşaýjylarynyň ençemesi bolsa sport klublarynyň dikeldilmegine garaşýar.
XS
SM
MD
LG