Sepleriň elýeterliligi

Meşhur sazanda Rawi Şankar 92 ýaşynda aradan çykdy


Hindistanyň meşhur sazandasy Rawi Şankar 92 ýaşynda ýogaldy. Onuň döredijiligi meşhur “The Beatles” toparyna hem öz täsirini ýetiripdi.

Onuň maşgala agzalarynyň aýtmagyna görä, sitarçy San Diegonyň Kaliforniýa şäherinde, geçirilen operasiýadan soň aradan çykypdyr. Ol ýürek hem-de dem alyş organlarynyň näsazlygyndan ejir çekýärdi.

Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Sing, Şankary “milli baýlyk we Hindistanyň medeni mirasynyň global ilçisi” diýip atlandyrdy.

Şankar skripkaçy Ýehudi Menuhin, jaz saksofonisti Jon Koltreýn bilen dagy hem işleşdi. Ol 1969-njy ýylda “Woodstock” aýdym-saz festiwalynda ýüz müňlerçe adamyň öňünde çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG