Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Gresiýa üçin maliýe ýardamy makullady


Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleriniň Brusseldäki duşuşygy, Belgiýa, 12-nji dekabr, 2012.
Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleriniň Brusseldäki duşuşygy, Belgiýa, 12-nji dekabr, 2012.

Ýewropanyň ýewro giňişligine girýän 17 sany ýurdunyň maliýe ministrleri Brusselde duşuşyp, Gresiýa üçin köp wagtdan bäri garaşylýan pul kömegini makulladylar.

Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýet boýunça ýörite wekili Olli Rehn Gresiýa 49.1 milliarddan gowrak ýewrony bermek barada çarşenbe güni gelnen kararyň pulsuz kösenýän ýurt üçin köp aýlap dowam eden kesgitsizlikden soň çykalga boljagyny belledi.

Puluň 34.3 milliard ýewro mukdardaky birinji bölegi ýakyn günlerde geçirilmeli, galan bölegi bolsa 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde berilmeli.

Gresiýanyň hökümeti kreditorlaryň talaplaryny ýerine ýetirmäge we barha köpelýän bergilerini üzmäge potensial ukypsyzlygynyň öňüni almaga çalyşypdy.

Geçen hepdede Gresiýa öz bergilerini satyn almak boýunça programmasyna başlady. Bu, Gresiýa üçin döwlet bergilerini 20 milliard ýewro mukdarda azaltmaga mümkinçilik döreder.

Bu karar 27 ýurdy öz içine alýan Ýewropa Bileleşiginiň maliýe ministrleriniň 2014-nji ýylyň mart aýyndan başlap ýewro giňişliginiň banklaryna gözegçilik etmek boýunça düzgünler barada ylalaşanlaryndan soň yglan edilipdi.

Ýewropa Bileleşiginiň komissary Mişel Barnier bu ylalaşygy “banklaryň bileleşmegi üçin ilkinji uly ädim” atlandyrdy.

Britaniýanyň kansleri George Osborne munuň Ýewropa Bileleşiginiň bank birleşigine girmejek agza döwletleriniň bähbitlerini hem gorap biljegini belledi.

Ylalaşyga laýyklykda Ýewropanyň 150-den gowrak iň uly banklary Ýewropanyň Merkezi Bankynyň göni gözegçiliginde bolar.

Ýewropanyň Merkezi Banky ýewro giňişligine gözegçilik eder, banklaryň işlemegi üçin lisenziýa rugsadyny bermäge we ýatyrmaga ukyply bolar. Oňa barlaglary geçirmäge hem düzgünleri berjaý etmeýän banklara jerime salmaga ygtyýar beriler.

Indi bu ylalaşyk Ýewropa Bileleşiginiň liderleri tarapyndan makullanmaly. Şeýle-de Ýewropa Parlamenti we ýurtlaryň milli parlamentleri tarapyndan tassyklanmaly.

XS
SM
MD
LG