Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidentiniň Türkiýä etmeli sapary ýatyryldy


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmadinejad Türkiýäniň Konýa welaýatyna etmeli saparyny ýatyrdy, diýip Türkiýäniň “Anadoly” habar agentligi maglumat berýär.

Berilýän maglumata görä, Ahmadinejad özüniň iş grafigindäki kynçylyklary sebäpli, bu saparyny ýatyrmaly bolupdyr.

Ahmadinejady Konýa welaýatyna premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan çagyrypdy. Ol ýerde 13-nji asyr sopusy – Ruminiň ölenine bagyşlanyp ýörite çäreler geçirilýär.

Soňky döwür Siriýadaky konflikt we beýleki käbir meseleler sebäpli, Ankara-Tähran özara gatnaşyklary dartgynlaşypdy.
XS
SM
MD
LG