Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tarkanyň Aşgabada sapary tankytlanýar


Türkiýeli meşhur aýdymçy Tarkan
Türkiýeli meşhur aýdymçy Tarkan

Daşary ýurtly meşhur aýdymçylaryň, halkara derejesinde tanymal döredijilik wekilleriniň dünýäniň islendik ýurduna syýahat edip, köpçüligiň öňünde çykyş etmeklerinde geň zat ýok. Emma ady belli meşhur sungat işgärleriniň syýasy taýdan ýapyk ýurtlara, ynsan hukuklaryna basyş etmekde ýakasyny tanadan döwletlerde çykyş etmekleri halkara graždan aktiwistleri tarapyndan adatça ýazgarylýar. Muňa näme sebäp bolýar?

Azatlyk Radiosy ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist, “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Farid şu günler türkiýeli meşhur aýdymçy Tarkan Türkmenistana sapar edýär. Siz muňa nähili garaýarsyňyz?

Farid Tuhbatullin: Ynsan hukuklaryny goraýjy hökmünde men meşhur adamlaryň Türkmenistan ýaly awtoritar režimli ýurtlara baryp, çykyş edýändigine gynanýaryn. Sebäbi şeýle çykyşlar awtoritar ýurtlaryň häkimiýetleriniň syýasy režiminiň ykrar edilmegine özboluşly bir goşant goşýar. Başga bir tarapdan islendik ýurda sapar etmek her bir aýdymçynyň öz işi. Meşhur adamlaryň ol ýa beýleki ýurda edýän saparlaryny, şol ýurtlaryň syýasy režimleri bilen baglanyşdyryp, olaryň mundan ýüz öwürmeklerini talap etmek kyn.

Azatlyk Radiosy: Syýasy täsir meselesini agzadyňyz, şu nukdaý nazardan meşhur aýdymçylaryň ol ýa beýleki ýurda sapar etmeginiň syýasat bilen nähili gatnaşygy bar?

Farid Tuhbatullin: Meşhur artistleriň öz auditoriýasyna, öz jankoýerlerine uly täsiriniň bardygyny göz öňünde tutmaly. Olaryň abraýy bar. Şonuň üçin şeýle adamlar ynsan hukuklaryna hormat goýulmagy talap edip, raýatlaryň hukuklaryny depeleýän ýurtlara negatiw gatnaşygyny görkezip dursalar, dünýädäki ýagdaý gowulyga tarap özgererdi.

Azatlyk Radiosy: Diýmek, meşhur adamlaryň Türkmenistana barmagy türkmen häkimiýetleri üçin bähbitli bolýar, şeýlemi?

Farid Tuhbatullin: Häkimiýetler tanymal adamlaryň, aýdymçylaryň, ýazyjylaryň, syýasy şahslaryň ýurda barmagyna gyzyklanma bildirýärler. Olar munuň bilen, özleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini, hormatlanýandygyny görkezmäge çalyşýarlar. Men muňa göz üçin edilýän hereketleriň biri hökmünde garaýaryn. Men muny türkmen häkimiýetleriniň ilat gara öýlerde ýaşaýarka, gymmat bahaly köşkleri gurmak ýaly hereketlerine deňeýärin. Bu, göz üçin edilýän hereket bolup görünýär.

Azatlyk Radiosy: Dünýä derejesinde meşhur aýdymçylaryň Türkmenistana baryp durmagy türkmen tomaşaçylaryny nä derejede gyzyklandyrýar, halk üçin nähili ähmiýeti bar, diýip pikir edýärsiňiz?

Farid Tuhbatullin: Türkmenistanda muňa uly gyzyklanma bar. Ýadyňyzda bolsa 2007-nji ýylda Berdimuhammedow häkimiýet başyna geçende Türkmenistana dürli sazandalar, aýdymçylar, şol sanda amerikan sungatynyň wekilleri köp barypdy. Bu, ýurtda uly gyzyklanma bilen garşy alynypdy. Emma soň daşary ýurtly döredijilik toparlarynyň Türkmenistana saparlary azaldy. Bu ýagdaý türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtly sungatyň ýurda has köp gelmegini islemeýändigi barada pikir döredýär.

Soňky döwürde türkmen hakimiýetleri daşary ýurtly aýdymçylary adaça iri baýramçylyklarda ýa-da Awazada geçirilýän çärelere çagyrýarlar. Sungat bolsa doly halkyň hyzmatynda bolmaly, muňa gapylary açmaly. Sebäbi dünýä sungaty islendik ýurduň ilatyna pozitow täsir ýetirýär.

XS
SM
MD
LG