Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda media haklaryna gözegçilik edýän topar işini togtadýar


Gazagystanda media haklaryny goraýan “Adyl Söz” topary, ýurtda söz azatlygy bilen bagly meselelere gözegçilik etmegini togtadýandygyny aýtdy.

Guramanyň başlygy Tamara Kaleýewanyň çarşenbe güni aýtmagyna görä, bu netijä maliýe kynçylyklary sebäpli gelnipdir. Kaleýewanyň aýtmagyna görä, mundan beýläk onuň toparynyň her aý 10 müňe golaý dollary harçlamaga gurby çatmaýar.

Hökümete degişli bolmadyk bu gurama Gazagystanda 1999-njy ýyldan bäri iş alyp barýardy. Kaleýewa toparyň ýakyn günleriň içinde täzeden işine başlap biljekdigine umyt edýändigini aýtdy. Geçmişde bu topary Jorj Sorosa degişli “Açyk jemgyýetiň diregi” fondy maliýeleşdirýärdi.
XS
SM
MD
LG