Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alžiriň goşunlary zamun alyjylaryň daşyna gabadylar


Alžiriň harby güýçleri şu hepde ýurduň gündogar serhet ýakasynda ýaragly söweşijileriň daşary ýurt raýatlaryny zamun alan ýeri bolan gaz zawodynyň daşyny gabawda saklamaklaryny dowam etdirýärler.

Ýaragly söweşijiler şu hepdäniň sişenbe güni Alžiriň Liwiýa bilen serhet ýakasyna golaý ýerdäki bu gaz zawodynda işleýän 41 sany daşary ýurtly raýaty zamun alandyklaryny yglan etdiler.

Olar Fransiýanyň häkimiýetlerinden Malide yslamçy söweşijilere garşy alyp barýan harby operasiýalaryny bes etmekligi talap edýärler.

Bu gaz stansiýasyndaky ýaragly söweşijiler çarşenbe güni Alžiriň harbylarynyň eden hüjümlerini yza serpikdirendiklerini mälim etdiler. Ýöne Alžiriň häkimiýetleri olaryň eden bu beýanaty barada häzirlikçe hiç hili kommentariýa bermediler.

Ýaragly söweşijileriň zamun alan adamlarynyň arasynda Britaniýanyň, Norwegiýanyň we Birleşen Ştatlaryň raýatlarynyň-da bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG