Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň metbugat azatlygyna pes baha berildi


“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň “Metbugat azatlygynyň indeksi 2013” atly ýyllyk hasabaty
“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň “Metbugat azatlygynyň indeksi 2013” atly ýyllyk hasabaty

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň ýakynda ýaýradan “Metbugat azatlygynyň indeksi” atly ýyllyk hasabatyna görä, dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi geçen ýyllarda arap ýurtlarynda bolup geçen demokratik özgerişliklerden öňki ýagdaýyna gaýdyp gelipdir. Arap ýurtlaryndaky syýasy öwrülişikler birnäçe ýurduň metbugat azatlygynyň ýagdaýyny düýpgöter üýtgedipdi.

Täze hasabatda iň erkin metbugatly diýip kesgitlenen ýurtlaryň geçen ýylky pozisiýalaryny saklandygy ýa-da öňde barýandygy bellenilýär. Finlýandiýa üç ýyl bäri dünýäniň iň erkin metbugatly ýurdy hasaplanýar. Onuň yzyndan Gollandiýa we Norwegiýa barýar. Hasabata görä, metbugata iň berk basyş edýän ýurtlar hem ozalky ýyllardaky pozisiýalaryny elden bermändirler. Bu ýurtlaryň Türkmenistan, Demirgazyk Koreýa we Eritreýadygy aýdylýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň “Metbugat azatlygynyň indeksi 2013” atly ýyllyk hasabatynda Türkmenistan şu sapar hem sanawyň iň soňky setirlerinde ýerleşdirilipdir. 177-nji orunda ýerleşdirilen Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna 79,14 ball diýlip baha berilýär. Bu baha geçen ýylkysyndan tapawutlanmaýar.

“Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň wekili Ýohan Bir Türkmenistana pes bahanyň berilmeginiň sebäbini düşündirip, “G.Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geleli bäri reformalar barada edýän resmi çykyşlaryny köpeldenligini, emma iş ýüzünde hiç zadyň üýtgemändigini” belledi.

Türkmen mediasynyň ýagdaýy

Ýohan Bir Türkmenistanda garaşsyz žurnalistikanyň ýokdugyny, “garaşsyz žurnalistleriň we bloggerleriň gizlin işlemeli bolýandygyny, garaşsyz ýa oppozision media ýol berilmeýändigini” belledi.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň täze hasabatynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň ýyldan ýyla örän az üýtgeýändigi aýdylýar. Türkmenistanda köp pariýaly sistema we söz azatlygy resmi derejede yglan edilen hem bolsa, ýurduň totalitar gurluşynyň üýtgemändigi bellenilýär.

“2012-nji ýylyň fewral aýynda 97% ses bilen gaýtadan saýlanan we “arkadag” adyna eýe bolan prezident Berdimuhamedow öz şahsyýet kultuny güýçlendirmegini dowam etdirdi” diýip, “Serhetsiz reportýorlar guramasy öz hasabatynda ýazýar. Şeýle-de hasabatda “Reformaçylyk beýannamalaryna garamazdan, türkmen režimi metbugata edýän gözegçiligini sähelçe-de gowşatmady” diýlip bellenilýär.

2012-nji ýylyň aýagynda Türkmenistanda “Metbugat barada” kanun kabul edildi. Şu ýylyň 4-nji ýanwarynda güýje giren bu kanun resmi derejede metbugat azatlygyny kepillendirýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy bu kanunyň kabul edilmegi bilen ýurtda ýerli metbugatyň azatlygynyň üpjün ediljekdigine şübhe bildirdi.

“Türkmen häkimiýetleri metbugat barada kanun kabul etmek bilen ýurduň milli kanunlaryny halkara standartlaryna gabat getirýändiklerini görkezmäge çalyşýarlar” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasyndan Ýohan Bir Azatlyk Radiosy bilen ýakynda eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýohan Biriň sözlerine görä, türkmen metbugatynyň tutuşlygyna döwletiň golastynda galmagy we garaşsyz habar serişdelerine düýbünden ýol berilmezligi ýurtda metbugatyň azat bolmagyna şübhe döredýär.

Beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende...

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň täze ýyllyk hasabatyna görä, metbugat azatlygyny çäklendirýän ýurtlaryň arasynda Özbegistan hem bar.

Hasabatda bellenişine görä, Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň berk diktaturasynyň internete edýän gözegçiligini güýçlendirendigi, ýurtda ondan gowrak žurnalistiň türmede saklanýandygy habar berilýär. Şol bir wagtda-da metbugat azatlygy boýunça hasabatda Özbegistana Türkmenistana garanda has ýokary baha berilýär.

Özbegistan “Metbugat azatlygynyň indeksi 2013” atly hasabatda 164-nji orunda ýerleşýär.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň berýän bahasyna görä, dünýäde metbugat azatlygy boýunça diňe iki ýurduň ýagdaýy Türkmenistanyňkydan has ýaramaz. Bu ýurtlar – Demirgazyk Koreýa we Eritreýa.
XS
SM
MD
LG