Sepleriň elýeterliligi

Damaskdaky söweşlerde onlarça adamyň ölendigi aýdylýar


Penşenbe güni siriýaly aktiwistler paýtagt Damaskda indi ikilenji gün dowam edýän söweşlerde onlarça adamyň ölendigini mälim etdiler.

Çarşenbe güni oppozision ýaragly söweşijiler uçarlara garşy minemýotlar we granatamýotlar bilen birnäçe hökümet binasyna garşy hüjüm etdiler.

Muňa jogap edip hökümet güýçleri Damaskyň merkezindäki baýyrlykdan ýaragly söweşijilere garşy artilleriýa oklaryny atdylar.

Siriýa boýunça ynsan hukuklaryny goraýjy düýbi Londonda ýerleşýän gurama çarşenbe gününden bäri Siriýada 60-dan gowrak adamyň ölendigini, şolardan 20-den gowragynyň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG