Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Swetaýewa: “Kimse daşdan dörän, kimse toýundan…”


Çehiýanyň paýtagty Pragada merhum rus şahyry Marina Swetaýewanyň hormatyna döredilen merkez. Praga, oktýabr, 2012.
Çehiýanyň paýtagty Pragada merhum rus şahyry Marina Swetaýewanyň hormatyna döredilen merkez. Praga, oktýabr, 2012.
SSSR Ýokary sudunyň harby kollegiýasynyň karary bilen NKWD-niň agenti diýlen günä ýöňkelip, 1941-nji ýylda bary-ýogy 48 ýaşynda atylyp öldürilen Sergeý Efronyň ýanýoldaşy, zähmet-düzediş koloniýalarynda ömrüniň 8 ýylyny, Turuhan sürgünçiliginde 6 ýylyny nähak günä bilen ötüren Ariadna Efronyň, çagalykda açlykdan ölen Irinanyň, Ikinji Jahan urşuna äkidilip, fronta ýetmän wepat bolan Georginiň ejesi, Parižden Moskwa gaýdyp gelende Edebiýatçylaryň Merkezi Öýüniň bufetinde hatda gap-çanak ýuwmak üçinem işe alynmadyk, halys çykgynsyz ýagdaýa duşup, 1941-nji ýylyň awgustynda Tatarystanyň Elabuga şäherinde, merhum adamsynyň ýaşyna ýetip (48), öz boýnuna syrtmak atan beýik rus şahyry Marina Swetaýewanyň birnäçe goşgusynyň erkin terjimesi. Goşgulary türkmen diline Swesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly terjime etdi.

***

Kimse d:aşdan dörän, kimse toýundan,
Men – kümüşden. Ýalpyldaýan buýsançly.
Kärim biwepalyk, adym Marina,
Deňziň geldi-geçer köpürjigi men.

Kim toýundan dörän, kimse et-gandan –
Olara tabyt hem başujuna daş...
Deňiz suwna çümüp, haç dakdym döşe,
Emma uçýan wagtym kül bolaýmaly!

Her bir tordan geçip, her bir ýürekden,
Hökman böwsüp çykar özdiýenligim.
Bulam-bujar zülplerimi görýäňmi? –
Başarsaň duz bilen gaçyr-da ýere.

Siziň sarsmaz dyzyňyza owranyp,
Her bir tolkun bilen direlýän ýene!
Goý, ýaşasyn şadyýana köpürjik –
Asmana dyzaýan belent köpürjik!

Moskwa, 1936

***

Men şu setirleri bagyşlaýaryn
Meniň üçin tabyt ýasajaklara.
Açarlar maňlaýmy usullyk bilen,
Özüm üçin has ýigrenji maňlaýmy.

Üýtgän tä gerekmez derejä deňiç,
Maňlaýyma täsin möhür basylan,
Men öz ýüregime keseki görnüp,
Bir geňsi ýataryn tabyt içinde.

Hiç kim görmez ýüzümdäki ýazgyny:
Bar zady eşdip hem görüp ýatyryn!
Tabyt içre ýatmak aňsatdyr öýtmäň,
Kalbym hyň berýärkä öýke-kineden.

Çagalyk döwrümden ýigrenýän reňkim –
Kyrk çille gary deý akja köýnekli! –
Tä uzak ömrümiň soňuna deňiç
Birniň gapdalynda süýnmelimi men?!

Ony kabul etmen, eşidýäňizmi?
Munyňyz meňzeýär karam duzaga!
Agzyň açyp ýatan ýeriň gujagna
Atarlar meni däl, özge birini.

Bilýän – bar zat ýana-ýana kül bolar!
Gowy görüp, söýdüm niçik zatlary,
Nämelere sarp eýledim ömrümi –
Hiç birini kabul etmez mazarym.

Moskwa, 1913-nji ýylyň bahary

***

Hanha, ýene penjire,
Ýene hiç kim ýatanok.
Belki, çakyr içýärler,
Belki, ýöne otyrlar.
Ýa-da iki mährem el
Otyr mäkäm tutuşyp.
Eý, dostum, her bir öýde
Bardyr şeýle penjire.

Ne şemden, ne çyradan, –
Dört ukusyz gözlerden
Ynan, gitdi birdenem
Garaňkylyk ýagtylyp!

Aýralykmy, duşuşyk –
Bu gijeki penjire
Şeýle eýmenç ses edýär.
Ýüz sany şem ýanyp dur,
Bar, ýüz däl-de, üç eken...
Meniň akyl-paýhasym
Ynjalykdan binesip.
Bak, meniňem öýümde
Beýle ýagdaý ýüz berdi.

Dost, ukusyz öý üçin,
Penjireden aňyrda
Ot ýanýan aýna üçin
Taňra ýetir seždäni.

Moskwa, 1914

***

Men bar,
senem bolaýmaly.
Aramyzda uçutmy,
gorp.
Men-ä içýän,
senem teşne.
Synanşybam oturma –
ylalaşyk ýok.
Bizi biri-birimizden
aýra salýan – on ýylmy?
Belki-de, ýüz asyrdyr?
Taňram köpri guraýanok.

Bardygyňy bildir –
meniň sargydym.
Syratyňa-boýuňa
otlukly demim bilen
zeper ýetirmez ýaly,
gapdalyňdan ötmäge
şert döret maňa.
Men bar,
senem bolaýmaly.
On bahary ötürip,
dillenersiň:
“Men bar!” diýip.
“Bir mahal
bardy şol,
bolupdy...” diýip,
güwä geçerin menem.

Moskwa, 06.06.1918

***

Agzyn açyp ýatan bu düýpsüz girdap
Niçe ömri diriligne ýuwutdy!
Şeýle bir gün geler – ýeriň ýüzünden
Bilýän, menem gaýyp bolup giderin.

Göreşen, lowurdan, aýdyma dyzan
Bar zat bir gün döňup galar bigüman:
Ýaşyl maýsaň reňki siňen gözlerim,
Mylaýym sesim hem altyn saçlarym.

Güni-güzerany unutmak bilen
Ýaşaýyş bor gözleginde rysgalyň,
Bar zat bolar – bu asmanyň astynda
Men biçäre bolmadyk deý hamana.

Hiç zatda özümi çäklendirmedim,
Özümiňki bolsun ýa-da keseki:
Ynam talap edip ýüz tutýan size,
Ýene söýgi hakda haýyşym bilen.

Gije-gündiz – ha ýazmaça, ha dilden,
Ha hakykat üçin, ha şeýle ýöne,
Häli-şindi gama batýanym üçin,
Hem ýaňy ýigrimi ýaşanym üçin.

Meň paýyma ýeten gutulgysyzlyk,
Hemem ýazmak üçin kişi öýkesin,
Mähri saklap biljek güýjüň ýoklugy,
Hem belent başymyň dikligi üçin,

Okgunly wakalaň tizligi üçin,
Oýuna kybapdaş hakykat üçin...
– Wiý, ýogsa-da!.. Ýene-de bir bahana:
Söýüň meni bir gün öljegim üçin.

Moskwa, 08.12.1913
XS
SM
MD
LG