Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ermenistan: Haýrikýan Konstitusion suda ýüz tutdy


Ermenistanyň prezidentligine dalaşgär Paruýr Haýrikýan keselhanada žurnalistlere interwýu berýär. Ýerewan, 5-nji fewral, 2013.

Ermenistanyň prezidentligine dalaşgär Paruýr Haýrikýan keselhanada žurnalistlere interwýu berýär. Ýerewan, 5-nji fewral, 2013.

Ýakynda janyna kast etmek synanyşygy amala aşyrylan ermenistanly prezidentlige dalaşgär Paruýr Haýrikýan prezidentlik saýlawlarynyň iki hepde yza süýşürilmegini haýyş edip, ýurduň Konstitusion suduna ýüz tutdy.

Indi bu mesele boýunça karar çykarmak üçin suduň ygtyýarynda dört gün möhlet bar. Ozalky planlaşdyrylyşyna görä, prezidentlik saýlawlary 18-nji fewralda geçirilmeli. Onda ýedi sany dalaşgär özara bäsleşmekçi.

Dalaşgärlerden biri, 63 ýaşly Paruýr Haýrikýan 31-nji ýanwarda Ýerewandaky öz öýüniň ýanynda edilen hüjümde egnine ok ýarasyny alypdy.

Jenap Haýrikýan başda saýlawlaryň yza süýşürilmegine aýak diremejekdigini aýtsa-da, 10-njy fewralda ol ýurduň Konstitusion suduna bu barada öz arzasyny berendigini mälim etdi.

Ermenistanyň konstitusiýasy dalaşgärlerden islendik biriniň öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýda saýlawlara gatnaşyp bilmeýän halatynda saýlawlaryň möhletiniň iki hepde yza süýşürilmegine rugsat berýär. Eger şondan soň hem päsgelçilik dowam etse, onda saýlawlaryň ýene 40 güne çenli yza süýşürilmegine rugsat berilýär.

Hüjümiň matlaby anyk däl

Paruýr Haýrikýana edilen hüjüm bilen baglanyşykly güman bildirilýän iki adam tussag edildi. Emma, muňa garamazdan, organ işgärleri bu hüjümiň matlabynyň henizem belli bolman galýandygyny aýdýarlar.

Ermenistanyň Milli howpsuzlyk gullugy 7-nji fewralda tussag edilen 46 ýaşly Haçatur Pogasýanyň we 40 ýaşly Samwel Harutiunýanyň dalaşgäriň janyna kast etmäge synanyşandyklaryny boýun alandyklaryny aýdýar.

Paruýr Haýrikýan (sagda) janyna kast etmäge edilen synanyşygyň ertesi güni Ýerewanyň keselhanasynda. Ýerewan, 1-nji fewral, 2013.

Paruýr Haýrikýan (sagda) janyna kast etmäge edilen synanyşygyň ertesi güni Ýerewanyň keselhanasynda. Ýerewan, 1-nji fewral, 2013.

Prezidentlige dalaşgär Paruýr Haýrikýan Ermenistanyň “Milli öz-özüňi kesgitleýiş” partiýasyna liderlik edýär. Ýöne ol ikilenji möhlet prezidentlige dalaş edýän Serž Sarkisýan bilen çynlakaý bäsleşip biljek kandidat hasaplanylmaýar.

Bu partiýanyň websaýtynda ýaýradylan beýanatda Paruýr Haýrikýanyň sagalmak prosesiniň birneme haýallandygy we, şol sebäpdenem, onuň soňky günler birnäçe duşuşyklary we interwýulary ýatyrmaga mejbur bolandygy aýdylýar.

Özüne edilen bu hüjümiň yzýany Paruýr Haýrikýan bu wakada özüni “köp ýyllap yzarlap gelen” ozalky sowet ýurtlaryndan biriniň gizlin gulluklaryna güman bildirýändigini aýtdy. Emma ol haýsy ýurdy göz öňünde tutýandygyny welin mälim etmedi.

Paruýr Haýrikýan sowet häkimiýeti ýyllarynda özüniň gizlin bir syýasy gurama agzalygy hem-de gizlin syýasy neşirleri çap edýändigi üçin on ýyldan gowrak sowet türmesinde tussaglykda oturypdy. Birneme soňra ol Ermenistanyň içerki sürgünliginde-de üç ýyl bolupdy.
XS
SM
MD
LG