Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Öňki polisiýa işgäri üçin 1 million dollar baýrak goýulýar


Los Anjelsiň häkimiýetleri üç adamy öldürmekde güman edilýän öňki polisiýa ofiserini gözläp tapmaga kömek etjek maglumat üçin bir million dollar baýrak goýýarlar.

Los Anjelsiň şäher häkimi ýekşenbe güni güman edilýän Kristofer Dorneri tapmagy wada berip, onuň geçen hepde Günorta Kaliforniýada bir polisiýa ofiserini, är-aýaly we dynç alşa çykan ofiseriň gyzyny öldürmekde güman edilýändigini aýtdy.

Internetde çap edilen beýanatda 33 ýaşly, Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň ozalky rezerwisti Dorneriň Los Anjels polisiýasyndan işden kowulanlygy üçin ar almagy wada berendigi aýdylýar.

Dorner resmileri we öz öňki kärdeşlerini adalatsyzlykda aýyplapdyr.

Resmiler bir million dollaryň Kaliforniýada jenaýat derňewinde hödürlenen iň uly baýrakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG