Sepleriň elýeterliligi

Lukmanlar Timoşenko barada dürli garaýyşda


Ukrainanyň lukmanlarynyň Ýuliýa Timoşenkonyň keselhanadan çykarylmalydygyny aýdýandyklaryna garamazdan, penşenbe güni Germaniýanyň doktorlary onuň keselhanada galmalydygyny öňe sürdiler.

Penşenbe güni Ukrainanyň saglyk ministri Oleksandr Kaçur Ýuliýa Timoşenkonyň öz oňurga näsaglygy boýunça ýörite maşk etmegini dowam etdirmelidigini, emma bu maşklary keselhanadan daşarda-da edip bolýandygyny aýtdy.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Oleksandr Kaçur nemes doktorlarynyň berýän maslahatlarynyň-da göz öňünde tutulmagynyň mümkindigini belledi.

Wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 2011-nji ýylyň oktýabrynda ýedi ýyl türme tussaglygy berlen Ýuliýa Timoşenko salgyt we maliýe galplyklarynda özüne bildirilýän täze jenaýat aýyplamalary boýunça 4-nji martda Kiýewiň suduna barmaly.
XS
SM
MD
LG