Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berluskonä bir ýyl tussaglyk berildi


Penşenbe güni Italiýanyň sudy bu ýurduň ozalky premýer-ministri Silwio Berluskonini polisiýanyň gizlin maglumatlaryny jemgyýetçilige aýan etmekde günäli tapyp, ony bir ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu baradaky aýyplama 2005-nji ýylda Berluskoniniň eýeçiligindäki media korporasiýasyna degişli bir gazetiň polisiýanyň gizlin maglumatyny çap etmegi bilen baglanyşykly bildirildi. Bu gürrüňi edilýän maglumat Berluskoniniň syýasy garşydaşyny “paş etmek” maksady bilen çap edilipdi.

Indi Silwio Berluskoni suduň penşenbe günki hökümine garşy şikaýat suduna ýüz tutar diýlip garaşylýar. Onuň şikaýatyna garalýan döwürde ol azatlykda galyp bilýär.

Şu aý Silwio Berluskonä garşy ýene iki sany aýry-aýry sud diňlenişiginiň geçirilmegine garaşylýar. Olaryň biri salgyt galplyklary bilen, beýleki biri bolsa kämillik ýaşyna ýetmedik gyza jynsy taýdan el gatmakda bildirilýän aýyplamalar bilen baglanyşykly.
XS
SM
MD
LG