Sepleriň elýeterliligi

Täjik ruhanylary töhmetde aýyplanýar


Täjigistanyň demirgazyk şäheri Hojantda üç sany täjik ruhanysyna garşy sud diňlenişigi başlandy.

Tanymal syýasy we dini lider Hoji Akbar Turajonzoda üç sany ruhanyny özüni Täjigistanyň 1990-nji ýyllardaky raýat urşuny öjükdiren adam edip görkezmekde aýyplaýar.

Bu hili pikir, aýdylmagyna görä, bir ýyl ozal telewideniýede berlen gepleşikde aýdylypdyr. Gepleşigi alyp baryjy hem suda çagyryldy.

Ruhanylar duşenbe güni sudda özleriniň gürrüňi edilýän telegepleşik mahalynda anyk näme diýendikleriniň ýatlaryna düşmeýändigini aýtdylar.

Suduň indiki diňlenişigi birnäçe gün soň, olar şol telegepleşigiň wideoýazgysyny gaýtadan görenlerinden soň dowam etdirilmeli.

Turajonzoda 1992-nji ýylda graždan urşy turmazdan öň Täjigistanda kazykalon, ýagny iň uly din hadymy bolup işleýärdi.

Ol 1997-nji ýylda, uruşdan soň düzülen häkimiýet paýlaşylan hökümetde premýer-ministriň orunbasarlygyna bellendi.
XS
SM
MD
LG