Sepleriň elýeterliligi

Myrat: "Türkmenistanda kökümizi sogurdylar"


Myrat: "Ýykylan jaýyň ýerine-de iki sany arça ekýärler"

Myrat: "Ýykylan jaýyň ýerine-de iki sany arça ekýärler"

Daşary ýurtlarda ýaşap ýören türkmenistanlylaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasyna ýüz tutup bosgun bolmagyň ýoluny gözleýänleriň arasynda soňky döwürlerde ýaşlaryň agdyklyk edýändigi aýdylýar. Ylaýta-da Türkmenistana dolanmak islemeýän Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlary hem özüne bagty we azatlygy bosgunlykda gözlemäge synanyşýarlar diýilýär.

Azatlyk Radiosy, Türkiýede BMG-a ýüz tutup, bosgunlyk goragyna alynan türkmenistanly bilen söhbetdeş boldy. Şu wagt Türkiýede bosgun bolup ýören ildeşimiz Myrat, Türkmenistanda jaýlarynyň ýykylmagy bilen maşgala taryhynyň pozulandygyna üns çekip, bu sebäpden jaýsyz, ýurtsyz, maşgala taryhsyz galan adam hökmünde watana dolanmaga hiç hili esas görmändigi üçin bosgunlyga ýüz tutandygyny belleýär.

Azatlyk Radiosy: Myrat sen näçe wagtdan bäri bosgunlyk statusynda gezip ýörsüň?

Myrat: Geçen ýylyň, ýagny 2012-nji ýylyň 25-nji maýyndan bäri men bosgun bolup ýörün.

Azatlyk Radiosy: Bosgunlykdan owal hem Türkiýede ýaşadyňmy?

Myrat: Hawa, men Türkiýededim.

Azatlyk Radiosy: Bosgunlykdan owal Türkiýede nähili ýaşaýardyň, ýagny kanunymy ýa bikanun ýagdaýdamydyň?

Myrat: Men Türkiýede bikanun ýagdaýda ýagny "gaçgak" hökmünde bolýardym. Bäş ýyl gaçgaklyk jezam bardy. Sebäbi wizasyz we rugsatsyz galypdym.

Azatlyk Radiosy: Myrat saňa görä durmuşy kynçylyk taýdan bikanun galmaklyk bilen bosgunlygyň arasynda nähili tapawut bar?

Myrat: Maňa görä gaty uly tapawut bar. Ruhy taýdan arkaýyn bolýarsyň. Rahat ýöräp bilýärsiň. Islän ýeriňe gidip bilýärsiň. Öňki ýaly hemişe gorkup ýaşap, yzyňä seredip ýörmeli däl. Gaçgak ýaşap ýören mahalyň öňde-soňda tutulýarsyň we tutulan mahalyň hem erbet ýagdaýlar başdan geçirmeli bolýarsyň.

Azatlyk Radiosy: Myrat sen tutulyp gördüňmi? Bosgunlyga çenli nähili ýagdaýlary başdan geçirdiň?

Myrat: Bosgunlyga çenli birnäçe gezek şantaž edildim, gorkuzjak bolup haýbatlar atyldy. “Sen ynha bikanun, gaçgak bolup gezip ýörsüň. Seni aýdarys. Seni derrew alyp giderler we yzyňa ugradarlar” diýenler boldy. Bosgun bolmankam ynha şeýle ýagdaýlara duçar bolýardym.

Myrat (çepde) we Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan.

Myrat (çepde) we Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan.

Onsoň ahyrynda ýanymdaky iň ynamdar hasaplanýan adamym tarapyndan satyldym we meni işleýän ýerime gelip tutdular. Tutulan mahalym bosgunlyga ýüz tutjak diýenimde kabul etmediler. Ýöne Hudaýa şükür, BMG we Helsinki ýurtdaşlar jemgyýeti ýaly guramalar bar. Şu guramalar bolmadyk bolsady men yzyma ugradylýardym. Ynha şol guramalaryň kömegi bilen bosgunlyk statusyny aldym we şu wagt gaty arkaýyn ýaşap ýörün.

Meselem ýolda gidip barýarkaň hukuk goraýjy işgärler duruzýar we dokument soraýar. BMG maňa bosgunlyk haty berdi. Şol haty görkezen mahalyň saklaman goýberýärler. Men şu wagt Türkiýäniň Gaziantep şäherinde bolýaryn.

BMG başga şäherde bolmaga rugsat berenok. Öz iberýän şäherlerinde galmaly bolýarsyň. Gaziantepde şu wagt işläp ýörün. Mundan bir hepde owal polis saklan mahaly şol bosgunlyk hatyny görkezdim welin işleýändigimi bilip, işlemeli däldigime garamazdan goýberdi. Aslynda bosgunlara işlemäge rugsat berenoklar, ýöne görmediksirän bolýarlar. Hiç kim bosguna pul zat kömegi bermänsoň polisler hem ýagdaýa düşünip, görmediksirän bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Myrat ynha sen şu wagt BMG-iň bosguny bolup ýörsüň. Guramadan ýa-da döwletden nähilem bolsa bir kömek berilýärmi?

Myrat: Türkiýede döwlet hiç hili bosguna kömek berenok. Gaýtam elinden gelse bosguny yzyna ugradýar. Bärde Türkiýe tarapdan kömege garaşmaklyk samsyklyk bolar. Esasy kömek BMG-dan gelýär.

Döwlet işgäri telewizora seredip, Demirgazyk Koreýa demokratik bir ýurt diýýän bolsa, oňa meniň aýdyp biljek hiç zadym ýok.
BMG bolmasa hiç kim seniň gözüň ýaşyna seretmeýär. BMG-y bolmasa bosgunlyk üçin hiç bir iş bolanok. Meselem, men geçen ýyl ýagdaýymy iki gezek düşündirdim. Bütin dokumentleri, subutnamalary, delilleri we suratlary orta goýup iki gezek ýagdaýymy düşündirjek bolsam ol ýerdäki komissar “Men düýn agşam telewizora seretdim. Türkmenistanda hemme zat gülala-güllik” diýip, geňirgendi.

Onsoň men oňa näme diýeýin? Döwlet işgäri telewizora seredip, Demirgazyk Koreýa demokratik bir ýurt diýýän bolsa, oňa meniň aýdyp biljek hiç zadym ýok. BMG bolmasa bärde bosgunlyk hem bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Şu wagt Türkiýede okap ýa-da işläp ýören ýaşlaryň arasynda BMG-a ýüz tutup bosgun bolsam diýýänler bar. Şolara bir bosgun hökmünde aýtjak zadyň we berjek maslahadyň barmy?

Myrat: Berjek maslahadym ynha şeýle: bosgunlyk üçin ilki bilen Helsinki ýurtdaşlar jemgyýeti ýaly guramalara ýüz tutsunlar. Ondan soň BMG-a ýüz tutmaly. Mundan başga bosgunlyk çykalgasy ýok.

Başgasyndan we ylaýta-da döwlet guramalaryndan hiç hili peýda ýok. Meselem men bosgun hökmünde polise gatnap gol çekip durmaly. Meniň gola gatnap durmaga pulum, ýagdaýym, hiç zadym ýok.

Şony bilibem gol çekmäge gelmediň diýip, ýene 182 Türk lirasy (100USD) möçberinde jerime tölemeli etdiler. Men şeýle puly nädip gazanaýyn we nirden tapaýyn?! Onsoňam işlemeli däl diýýärler...

Azatlyk Radiosy: Türkiýe hökümeti bosgunlara hiç hili pul kömegi ýa başga kömekler berenokmy?

Myrat: Hiç hili kömek bermeýşi ýaly işlemäge hem rugsat berenok. Ýöne birnäçe gün mundan owal telewizorda bir habara seretdim. Habarda “Biz Türkiýäniň Gaziantep şäherindäki bosgunlara bir milliýard Türk lirasy möçberinde pul harç etdik” diýdiler. Men düşünmedim pul sowduk diýip, aslynda pul aldyk diýjek boldylarmyka?! Şeýle pul sowulan bolsa nämä sowuldyka?

Azatlyk Radiosy: Myrat, bilinşi ýaly Gaziantepde Siriýeden gelen bosgunlar bar. Belki şolar üçin sowulan bolaýmasyn?

Myrat: Ýok. Men ynha şu wagt Türkiýäniň Gaziantep şäherinde gezip ýörün. Isleseňiz size suratyny düşürip ibereýin. Bärdäki Siriýelileriň hemmesi BMW, Mersedes ýaly gymmatbaha ulaglar münüp, ýaşap ýören orta gatlagyň adamlary.

Şeýle adamlar bärik gaýdypdyr. Bularyň pula we kömege mätäçligi ýok. Siriýeden bärik bosgun boljak bolup garyp adam gelenok. Ýene baýlar bosgun bolmaga gelýär. Olara pul berseň gaýtam üstüňden güler, başga hiç zat diýmezler.

Azatlyk Radiosy: Myrat, Türkiýede bosgunlykda gezip ýörkäň özüň ýlay türkmenistanly bir bosguna ýa-da bosgun bolsam diýýänlere we gaçgak gezip ýörenlere duş gelýäňmi?

Myrat: Gaçgak däl, ýöne kanuny ýagdaýda işläp ýören bir türkmenistanly dost oglanym bar. Şol şu wagt bosgun bolsammy diýip pikir edýär.

Azatlyk Radiosy: Sen bir bosgun hökmünde, ildeşleriňe bosgunlygy maslahat berýäňmi? Türkiýede bosgunlyk durmuşy höwes ediler ýaly bir çykalga ýolmy? Sen şuňa nähili garaýarsyň?

Myrat: Eger yzyňyza gaýtmagyňyz siziň üçin hakykatdanam howuply bolsa, onda iň gowusy bosgun bolmaklykdyr. Iň azyndan azat bolýarsyň.

Azatlyk Radiosy: Myrat onda saňa nähili howp abanýar? Näme üçin ýurda dolanmak islemän bosgun bolduň? Seniň bosgunlygyňa sebäp bolan zat näme? Näme üçin Türkmenistana gitmek isläňok?

Myrat: Türkmenistana dolanmak islemeýändigimiň sebäpleri köp. Ýöne esasy sebäbi, kakam bilen ejemiň dişi-dyrnagy bilen gazyp, gazananjasy bilen guran jaýyny ýykyp, tekizläp taşladylar.

Şeýdip meniň Türkmenistandaky kökümi sogurdylar. Men şeýle sebäpden bir prinsip hökmünde yzyma gidesim gelenok. Özüňiz pikir edip görüň; siziň öýüňizi ýykýarlar, siziň kiçjikligiňizi, hemme zadyňyzy söküp, bir tarapa taşlaýarlar. Ýykylan jaýyň ýerine-de iki sany arça ekýärler. Bu bir prinsip meselesi we şeýle sebäpden men dolanmak islämok.​

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG