Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Boston partlamalary derňelýär


Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosynyň ýolbaşçylygyndaky sülçiler Boston marafonynda partladylan iki bombany kimiň ýaranyny bilmek üçin tomaşaçylaryň düşüren wideoýazgylaryny barlaýarlar.

Bu partlamalarda azyndan üç adam ölüp,130 töweregi adam ýaralandy.

Partlamalar duşenbe güni, birnäçe sekunt aratapawut bilen, marafonyň soňky pellesine golaý, ýüwrükler ylgap barýarka we olara müňläp tomaşaçynyň tomaşa edýän ýerinde boldy.

Pidalaryň içinde çagalar hem bar. Partlamalaryň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady.

Prezident Barak Obama häkimiýetleriň günäkärleri tapjagyny we kanun esasynda çäre görjegini wada berdi. Obama bu partlamalary terrorçylyk hökmünde suratlandyrmady we heniz derňewiň dowam edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG