Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde "remont puly" ýygnalýar


Aşgabatdaky 55-nji mekdep.
Aşgabatdaky 55-nji mekdep.
Şu günler Aşgabadyň käbir orta mekdeplerinde ene-atalar ýygnaklary geçirilip, ol ýygnaklarda ene-atalara öz çagalarynyň okajak klaslarynyň geljek tomusdaky remonty üçin pul goşmalydygyny habar beripdirler. Bu ýagdaý eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýär.

Orta mekdeplerde okuw ýylynyň tamamlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galdy. Şu wagtdan ene-atalardan eýýäm tomusky möwsümleýin remont işleri üçin pul ýygnalyp başlanýar.

“Maňa 30 manatdan pul goşmaly diýip aýtdylar. Bu puly her ýyl ýygnaýarlar” diýip, ogly Maksat paýtagtyň 55-nji orta mekdebiniň 4-nji klasynda okaýan 36 ýaşly Aýgül gürrüň berýär.

Geçen hepdede Aýgülüň oglunyň okaýan klasynda ene-atalar ýygnagy bolup geçipdir. Şol ýygnakda hem oglunyň klas ýolbaşçysy bu habary aýdypdyr.

Puluň möçberi

Remont üçin ýygnalýan puluň möçberi birmeňzeş däl. Aýgülüň ogly Maksadyň klasynda 20 manatdan ýygnlýan bolsa onuň 3-nji klasda okaýan kiçi ogly Berdiniň klasynda 30 manatdan ýygnalýar. Käbir klaslarda bolsa 40 manatdan hem köp ýygnalýan halatlary bolýar. Remont üçin ýygnalýan puluň möçberi ediljek remontyň gerimine bagly.
Bizden hem talap edýärler. Ýöne, biz pul ýygnap tutulsak, olar jogap berenoklar. Biz jogap bermeli
Ogulsapar

Aslyýetinde mekdep mugallymlarynyň bu hili pul ýygnamaklary bikanun hasaplanýar. Emma, olardan mekdep ýolbaşçylary tarapyndan talap edilensoň, mugallymlar okuwçylarynyň ene-atalaryndan pul ýygnamaly bolýarlar.

“Bizden hem talap edýärler. Ýöne, biz pul ýygnap tutulsak, olar jogap berenoklar. Biz jogap bermeli” diýip, 55-nji mekdebiň özüni Ogulsapar diýip tanadan mugallymy aýtdy.

Mekdebiň möwsümleýin remonty üçin ýygnalýan pul, göräýmäge, ujypsyz ýaly. Emma köp maşgalalar üçin bu pul maşgala býujetine agram salýar.

“Ylaýtada, maşgalada 2-3 çaga mekdepde okaýan bolsa has-da kyn bolýar” diýip, Aýgül bu barada gürrüň berýär.

"Çäreler"

Mekdepde 2-3 çagasy okaýan maşgalalar bolsa az däl. Mekdebiň remonty üçin pul goşmadyk ene-atalaryň çagalaryna okuw döwründe “çäre” görülýändigi hem aýdylýar. Bu çäreler dürli görnüşlerde amala aşyrylýar.

Aşgabatdaky 55-nji mekdep
Aşgabatdaky 55-nji mekdep
Aşgabadyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Amansoltan hem şeýle çärelerden biri bilen ýüzbe-ýüz bolan maşgalalardan biri. Onuň ogly paýtagtyň 52-nji mekdebiniň 4-nji klasynda okaýar.

Amansoltanyň ogly öň mekdepde ýokary bahalary alan bolsa, tamamalanyp gelýän okuw ýylyny öňküsinden görnetin pes bahalar bilen jemleýär. Amansoltan munuň sebäbini geçen ýyl klasyň remonty üçin pul tölemändigi bilen düşündirýär.

“Geçen ýyl remont üçin pul tölemedim. Oglumyň bahalaryny şonuň üçin peseltdiler diyip pikir edýärin. Munuň üstesine-de, ýylyň dowamynda okuwdan rugsat soranymda, onuň klas ýolbaşçysy rugsat hem bermejek bolupdy” diýip, Amansoltan ýatlaýar.

Mekdebiň remonty üçin ene-atalardan pul ýygnamak ýagdaýy, esasan, paýtagtyň sowet döwründe gurlan orta mekdeplerine mahsus. Mekdep binalarynyň könelişendigi sebäpli olar her ýyl remont edilýär.

Emma...

Emma her ýyl remont edilýändigine garamazdan, indiki okuw ýylyna çenli olaryň durky ýene remont edilmedik binalara meňzeýär diýip, paýtagtyň 55-nji orta mekdebiniň özüni Ogulsapar diýip tanadan mugallymy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu mekdepler düýpli remonta mätäç. Her ýyl tomus aýlarynda edilýän kosmetik remont netije bermeýär. Ogulsapar bu barada şeýle gürrüň berýär: “Bu mekdepleriň eýýäm gurlanda ençeme kemçilikleri bardy. Üçeklerinden [jaýyň içine] suw geçýär. Ýyladyş sistemalary kadaly işlemeýär. Howa gyzanda hem klaslarda oturar ýaly däl. Binalaryň diwarlarynyň ştukaturkasy gopýar”.

Aşgabadyň sowet döwründe gurlan orta mekdepleriniň binalarynyň gözgyny halyndan diňe bir olarda bilim berýän mugallymlar däl, eýse şol bilim ojaklaryna gözegçilik etmeli edaralaryň jogapkär işgärleri hem habarly. “Munuň üçin ýörite serişdeler hem goýberilýär” diýip, paýtagtyň 55-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulsapar aýdýar.

Emma, onuň aýtmagyna görä, döwlet tarapyndan orta mekdepleriň remonty üçin goýberilýän pullar mekdepleriň binalarynyň daşky diwarlarynyň remonty üçin sarp edilýär. Mekdepleriň koridorlary we beýleki gulluk otaglarynyň remonty üçin puly bolsa mugallymlaryň özleri çykarýarlar. Başgaça aýdanyňda, orta mekdepleriň möwsümleýin remontynyň çykdajylary ene-atalaryň, mugallymlaryň we döwletiň arasynda paýlaşylýar diýilse hem bolar.

Türkmenistanda orta bilim mugt. Ýurtda 1761 sany orta mekdep bar. Olarda 873 müňden gowrak okuwçy bilim alýar.


XS
SM
MD
LG