Sepleriň elýeterliligi

“Crude Accountability”: Hazaryň türkmen bölegi howp astynda


"Dragon oil" kompaniýasynyň nebti gaýtadan işleýän zawody, Türkmenistan, 1-nji awgust, 2011.

"Dragon oil" kompaniýasynyň nebti gaýtadan işleýän zawody, Türkmenistan, 1-nji awgust, 2011.

“Crude Accountability” atly gurama Türkmenistan boýunça täze hasabatyny ýaýratdy. Gurama Hazar deňziniň Türkmenistana degişli bölegindäki nebit önümçiliginiň töwerek-daşa howp salýandygyny we ilatyň hak-hukuklaryny depeleýändigini aýdýar. “Crude Accountability” gara deňiz we hazarýaka regionlarda ekologiýany we adam hukuklaryny goramak boýunça jemgyýetçilik guramalary we aktiwistler bilen işleşýär.

“Crude Accountability” guramasynyň hasabatynda Hazar deňziniň Türkmenistana degişli böleginiň suwa dökülýän nebit önümleri bilen yzygiderli hapalanýandygy aýdylýar. Hasabata görä, netijede tebigata we, hususan-da, dünýä derejesinde seýrek jandarlaryň we ösümlikleriň ençemesiniň saklanyp galmagy üçin ähmiýetli Hazar zapowednigine howp abanýar.

Nebitiň dökülmegi

Guramanyň täze hasabatynda 2000-nji ýyldan bäri nebitiň dökülmegi bilen bagly wakalaryň ýüzlerçesiniň bolandygy, olaryň, şol sanda günbatarly nebit öndüriji şirketler tarapyndan işlenýän ýataklarda hem ýüze çykandygy aýdylýar. 2000-2012-nji ýyllaryň aralygynda jemi 701 wakanyň hasaba alnandygy, olaryň ençemesiniň Türkmenbaşy aýlagynda, Awazanyň golaýynda we Çeleken ýarymadasyndan günbatarda ýerleşýän ýerde bolandygy hasabatda habar berilýär.

“Crude Accountability” guramasy öz hasabatynda, hususan-da, Ylyma ýardam berýän amerikan assosiasiýasynyň (AAAS) sputnikden alan suratlaryna we kartalaryna esaslanýandygyny aýdýar we suratlaryň nebit-gaz önümçiligi sebäpli töwerek-daşyň hapalanmagynyň möçberiniň şu çaka çenli kiçeldilip görkezilendigini belleýär.

Guramanyň ýerine ýetiriji müdiri Keýt Uotersiň sözlerine görä, barlaglaryň netijesinde Türkmenistanyň Hazar deňzindäki böleginde nebitiň yzygiderli dökülmegi bilen bagly ýagdaýlar “Petronas” we “Dragon oil” kompaniýalary tarapyndan dolandyrylýan ”Blok 1” we ”Blok 2” ýataklarda anyklanypdyr. Bu waka barada 12 ýylyň dowamynda habar berilmändigi hasabatda nygtalýar.

Ilatyň haky

Türkmenistan Aarhus konwensiýasyna goşulan ýurt. Bu konwensiýa bolsa ýurduň raýatlarynyň ekologiýa meseleleri barada maglumat almaga, ekologik problemalaryň çözgüdine gatnaşmaga we bu ugurdan hukuklary bozulan ýagdaýynda suda ýüz tutmak hukugyna kepil geçýär diýlip “Crude Accountability” guramasynyň hasabatynda aýdylýar. Bu dokumentde bellenişine görä, muňa garamazdan, türkmen hökümeti we Türkmenistanda gaz önümçiliginde işleýän daşary ýurt şirketleri nebit-gaz proýektlerini jemgyýetçilikden ýapyk saklaýarlar.

Şeýle-de nebit-gaz önümçiliginden gelýän girdejiler meselesinde hem açyklyk ýok, ekologiýa degişli proýektler barada jemgyýetçilik bilen ýeterlik derejede maslahat edilmeýär diýlip hasabatda aýdylýar.

Nebit-gaz önümçiligine degişli maglumatlaryň ýapyklygy sebäpli ilat ekologiýa taýdan bar bolan töwekgelçiliklerden habarsyz galýar diýlip, hasabatda bellenýär.

“Crude Accountability” guramasy Türkmenistanyň Hazar deňziniň boýundaky Awaza we Tarta obalarynyň zor bilen göçürlendigine hem üns berýär we Awaza obasynyň prezident Berdimuhamedowyň goldaýan gymmatbaha Awaza syýahat zonasynyň gurluşygy üçin ýok edilendigi aýdylýar. Tarta obasynyň 2010-njy ýylda ýok edilendigi, onuň ýaşaýjylaryna kompensasiýanyň berilmändigi hem hasabatda habar berilýär.

Rekomendasiýalar

“Crude Accountability” guramasy öz hasabatynda türkmen hökümetine, Türkmenistan bilen işleşýän halkara maliýe guramalaryna we nebit-gaz kompaniýalaryna rekomendasiýalary berýär.

Rekomendasiýalaryň arasynda, hususan-da, nebit önümleriniň deňzi hapalamagynyň sebäplerini anyklamaga we problemany çözmäge, ekologiýa degişli halkara kanunlaryny doly berjäý etmäge, Aarhus konwensiýasyna laýyklykda raýatlaryň maglumat almak hukuklaryny berjaý etäge hem açyk-aýdyňlygy üpjün etmäge çagyryşlar edilýär.

Halkara maliýe guramalary Hazar deňziniň tebigatyna zyýan ýetirýän proýektleri maliýeleşdirmekden saklanmaga çagyrylýar.

“Crude Accountability” guramasy öz hasabatyny “Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň ýardamy bilen ”Açyk jemgyýet” fondunyň Türkmenistan proýektiniň goldamagynda taýýarlandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG