Sepleriň elýeterliligi

Merkel Owganystana sapara bardy


Anna güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Owganystana garaşylmadyk sapara bardy.

Germaniýanyň resmileri anna güni kansler Angela Merkel bilen daşary işler ministri Tomas de Maýzieriniň Owganystanyň demirgazygyndaky Mazari Şerif şäherine barandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýerde Germaniýanyň Owganystandaky goşunlarynyň esasy bölegi ýerleşýär. 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Germaniýa özüniň Owganystandaky 4 müň 300 esgerden ybarat goşunlaryny bu ýurtdan çykarmaklygy planlaşdyrýar.

Şol bir wagtyň özünde Germaniýanyň resmileri geljekde 800 töweregi harbyny bu ýurtda saklamaklygy-da göz öňünde tutýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG