Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml: Içalyly waka gatnaşyklara kömek etmeýär


ABŞ-nyň ilçisi Russiýanyň DIM-ne çagyryldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:50 0:00

ABŞ-nyň ilçisi Russiýanyň DIM-ne çagyryldy

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat wekili Birleşen Ştatlaryň diplomatynyň Orsýetiň Aňtaw gullugynyň işgärini içalyçylyga çekmek synanyşygy Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky oňaýly gatnaşyklaryň peýdasyna däl diýdi.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň çarşenbe güni eden beýanaty, gysga wagt tussaglykda saklanyp, soňra-da ýurtdan çykarylan amerikan diplomaty barada Kremlin resmisi tarapyndan edilen ilkinji çykyşdyr.

Çarşenbe güni orsýet häkimiýetleriniň çakylygy bilen ABŞ-nyň ilçisi Maýkel Makfaul Daşary işler ministrligine bardy. Şol duşuşukdan soň jenap Makfaul bu waka barada beýanat bermekden saklandy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri çarşenbe güni Şwesiýanyň Kiruna şäherinde Arktik Geňeşiniň ýygnagynda duşuşdylar. Lawrow Kerri bilen geçiren söhbetdeşliginde bu meseläniň gozgalmandygyny aýtdy.

“Biz bu mesele barada gürleşmedik. Jon Kerri bu mesele barada gürrüň açmady. Men hem bu meseläni gozgamagyň wagty däl diýip pikir etdim. Sebäbi eýýäm köpçülik hemme zatdan habarlydy we hemmeler üçin hemme zat düşnükli” diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow belledi.

Raýan Kristofer Fogle

Sişenbe güni Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugy agzalýan diplomatyň Raýan Kristofer Fogledigini mälim etdi we onuň Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçihanasynyň syýasy bölüminde 3-nji sekretar wezipesinde gizlinlikde işländigini aýtdy.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň aýtmagyna görä, amerikaly diplomat Orsýetiň terrorizme garşy göreşýän we Kawkaz regiony boýunça spesialistini içalyçylyga çekmäge synanyşandygy üçin sişenbe güni gysga wagtlyk tussag edildi.

Orsýetiň döwlet telewideniýesi amerikan diplomatynyň tussag edilişini görkezýän wideoýazgyny we oňa degişlidigi aýdylýan käbir içalyçylyk enjamlaryny telewideniýe boýunça halka ýaýratdy.

Ol zatlaryň arasynda iki emeli saç, kompas, Moskwanyň kartasy we ors ofiseri Amerikanyň Aňtaw gullugyna işlemäge razy bolsa, onda oňa 1 million amerikan dollary beriljekdigi baradaky hat, şeýle-de geljekki içalynyň Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugy bilen email arkaly nähili habarlaşmalydygy barada instruksiýa bar.

Ekspertleriň pikiri

Amerikaly awtor we Amerikanyň Merkezi aňtaw gullugynyň öňki ofiseri Robert Baer bu waka barada CNN telekanalyna beren interwýusynda Orsýet tarapyndan öňe sürülýän bu aýyplamalaryň örän şübhelidigini aýtdy.

Bu meselede Baer öz pikirini şeýle beýan edýär: “Merkezi aňtaw gullugy alyp-satar däl. Merkezi aňtaw gullugy onuň bilen işleşäýmegi mümkin aňtawçylara hat paýlanok. Olar emeli saç geýenoklar, olar email ulananoklar, olar kimdir biri bilen gatnaşyk gurmak üçin çüňkde oturyp garaşanoklar“.

Baer bu wakanyň Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan ýörite sahnalaşdyrylan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Habarçylaryň aýtmagyna görä, ilki gysga wagt tussag edilip, soňam ýurtdan çykarylan Kristofer Fogl soňky 10 ýyl çemesi wagtyň içinde Orsýetde köpçüligiň öňünde içalylykda aýyplanan ilkinji amerikan diplomaty boldy.
XS
SM
MD
LG