Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Režisser Alty Artykow 80 ýaşady


Türkmen kinorežissýory Alty Artykow, Moskwa, 22-nji may, 2013.
Türkmen kinorežissýory Alty Artykow, Moskwa, 22-nji may, 2013.
Türkmen kinorežissýory Alty Artykow 80-nji ýaş toýuny belledi. “Çöldäki iki adam” (1968 ý.), “Ýatla”, “Türkmen zenany”, Çary Artykow atly dokumental filmi we ýene onlarça kartinalary döreden Artykowyň 22-nji maýda Moskwanyň Kinematografiýa öýünde ýubileýi geçirildi.

22-nji maýda Moskwada öz kärdeşleri, maşgala agzalary we dostlary bilen bilelikde 80-nji ýaş toýuny bellän kinorežissýor Alty Artykow özüniň soňky eserini köpçülige hödürledi.

“Gadymy Gündogaryň hekaýaty” atly kartinada rollary sanlyja adam ýerine ýetirýär. Olar režissýoryň özi, ogly, agtyklary we ýakyn dosty aktýor Albert Atahanow. Awtoryň sözlerine görä, ol öz maşgala agzalary bilen bilelikde pulsuz döreden bu filminiň üstünde 10 ýyla golaý wagtlap işläpdir.

Aktual tema

Artykow öz eserinde asyrlar boýy adamlaryň bir-birine rehimsizlik görkezýändigini, korrupsiýa, parahorluk ýaly keselleriň iru-giç jemgyýetiň dargamagyna getirýändigini we häkimiýet başyndaky adamlaryň köplenç berýän wadalarynda tapylmaýandygyny nygtamak isländigini aýtdy.

Alty Artykow bu ýagdaýyň şu günki güne çenli üýtgemän galýandygyny nygtady.

Artykowyň 2000-nji ýylda döreden “Ýolaýyrt” atly dokumental filmi hem şu tema bagyşlanan. Film prezident Wladimir Putiniň ilkinji gezek prezident bolanda eden kasamynyň fonunda Orsýetiň gadymy döwürlerdäki hökümdarlaryndan başlap, sowet we postsowet döwürleriniň ýolbaşçylaryny, olaryň beren wadalaryny görkezýär.

Döredijilik ýoly

Alty Artykowyň dosty, meşhur kinorežissýor Ali Hamraýew 80 ýaşan Alty Artykowy, maliýe kynçylyklaryna garamazdan, döredijilikden el çekmän gelýän “ýanyp duran” adam diýip atlandyrdy.

“Men baý bolan bolsadym, 100 million dollary Artykowa berip, işle, döret, diýerdim” diýip, Ali Hamraýew aýtdy.

Hamraýew häzirki wagtda ykdysady kynçylyklaryň kino sungatyna uly zarba urandygyny aýtdy. Onuň pikirine görä, şu günki gün taryhy, medeni we filosofiki eserlere üns gowşady.

Alty Artykow 40 ýyla golaý döwrüň dowamynda onlarça filmleri döretdi. Olardan diňe üçüsi çeper filmler, galanlary dokumental filmler. Awtoryň sözlerine görä, onuň ýene onlarça taýyn senarileri durmuşa geçirilmän, kagyzda galýar. Olaryň biri-de “Görogly” eposy.
XS
SM
MD
LG