Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk lideri protestçilere duýduryş berdi


Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Bülent Arynç armiýanyň polisiýa kömek etmegi üçin protestleriň geçirilýän meýdanyna çagyrylmagynyň mümkindigini aýdyp, protestçilere duýduryş berdi.

Arynjyň duşenbe güni eden çykyşy premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň Yslam gymmatlyklaryna daýanýan hökümetiniň protestçilere garşy harby güýç ulanjakdygyny aýdyp atan ilkinji haýbaty boldy.

Şeýle-de Türkiýäniň içeri işler ministri çaknyşyklaryň bikanundygyny aýdyp, protestçiler oňa gatnaşan halatynda “kanuny netijelerine çydamaly bolarlar” diýip duýduryş berdi.

Kärdeşler arkalaşygy premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetiniň 15-nji iýunda Taksim meýdanyndan protestçileri zor bilen çykarmagy baradaky çäräniň ilaty ynjydyjy hereket bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG