Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý uýgurlara gözegçiligi berkidýär


Hytaý etniki taýdan bölünen Sinjiaň sebitinde "terror toparlaryny" basyp ýatyrmak üçin howpsuzlyk gözegçiligini güýçlendirýändigini aýdýar.

Bu habar geçen hepde resmileriň azyndan 35 adamyň öldürilendigi barada aýdan maglumatyndan soň ýaýrady.

Döwlet eýeçiligindäki "Sinhua" habar gullugy Kommunistik partiýanyň ýokary derejeli kanun resmisine salgylanyp, howpsuzlyk güýçleriniň Sinjiaňda hüşgärligi ýokarlandyrmalydygyny, howp-hatara garşy durmak ukybyny güýçlendirmelidigini we jemgyýetçiligiň howpsuzlygyny berkitmelidigini aýtdy.

Hytaý häkimiýetleri bu sebitdäki gozgalaňlary köplenç terrorçylyk hökmünde häsiýetlendirýär.

Sinjiaňyň esasan musulmanlardan ybarat uýgur ilaty hytaý häkimiýetlerini bu sebite han hytaýlylaryny millionlap göçürip getirip, özlerini azlyga öwürmäge synanmakda aýyplaýarlar.

Şu hepde bu sebitde etniki gozgalaňlarda 200 çemesi adamyň öldürilenine dört ýyl bolýar.
XS
SM
MD
LG