Sepleriň elýeterliligi

Putin ABŞ Snowdeni Orsýetde gabady diýýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Birleşen Ştatlary Amerikanyň gizlin maglumatlaryny syzdyran Edward Snowdeni Moskwadaky uçar meýdanyna gabap goýmakda aýyplady.

Putin Waşington beýleki ýurtlaryň Snowdene pena bermezligine basyş edip, ony gabawa düşürdi diýdi.

Birleşen Ştatlaryň global telefon we internet gözegçilik programmalaryny paş eden Snowden soňky üç hepde, 23-nji iýunda Hoň-Koňdan uçup geleli bäri Moskwanyň Şeremetewo uçar meýdanynyň tranzit zonasynda bolýar.

Orsýet tranzit zonasynyň tehniki taýdan Orsýetiň territtoriýasynyň bir bölegi däldigini aýdýar.

Snowden geçen hepde Orsýetden, Latyn Amerikasyna, üç ýurduň özüne gaçybatalga teklip edýän ýerine sag-aman aşýança, wagtlaýyn gaçybatalga soramakçydygyny aýtdy.

Edward Snowden Moskwada, adam hukuklaryny goraýjylaryň öňünde çykyş edýär. Şeremetýewo, 12-nji iýul, 2013.

Edward Snowden Moskwada, adam hukuklaryny goraýjylaryň öňünde çykyş edýär. Şeremetýewo, 12-nji iýul, 2013.

"Çagyrylmadyk myhman"

Putin duşenbe güni, Orsýetiň fin aýlagyndaky Gogland adasyna sapara baranda şeýle diýdi:

"Ol (Snowden) biziň territoriýamyza çakylyksyz geldi, biz ony çagyrmadyk. Onsoňam ol bize uçup gelmeýärdi, biziň üstümizden başga ýurtlara uçup barýardy. Emma ol asmana göterileninden bu belli boldy we biziň amerikan partnýorlarymyz, iş ýüzünde, onuň uçuşyny dowam etdirmeginiň öňüni bagladylar. Olaryň özleri beýleki ýurtlary gorkuzdylar."

Emma muňa garamazdan, Putin Orsýetiň Snowdene gaçybatalga berip-bermejegini aýtmady.

Putin ozal Orsýetiň Snowdene diňe bir ýagdaýda, ol Birleşen Ştatlar üçin zyýanly boljak maglumatlary syzdyrmagyny bes eden halatynda gaçybatalga berip biljegini aýdypdy.

Putin Snowden gizlin maglumatlary syzdyrmak meselesi babatdaky pozisiýasyny üýtgedip durana çalym edýär, emma bu ýagdaý entek aýdyňlaşanok diýdi.

Putin Snowdeniň gitmegine umyt baglaýar

Gaçybatalga meselesi barada aýtmakdan gaçalaklan hem bolsa, Putin Snowdeniň Orsýeti terk etjegine şindem umyt baglaýandygyny aýtdy.

"(Snowden bilen gürleşen ors resmileri aýtdylar) 'Biziň Birleşen Ştatlar bilen kesgitli gatnaşyklarymyz bar, biz özümiziň Amerika bilen gatnaşyklarymyza zyýan ýetirmek islemeýäris.' Ol (Snowden) aýtdy: 'Ýok, men öz işimi, adam hukuklary ugrunda söweşmegimi dowam etdirjek. Men Birleşen Ştatlar kesgitli halkara düzgünlerini bozýar we hususy durmuşa gatyşýar diýip pikir edýärin, meniň şu günki maksadym şuňa garşy göreşmek.' Onsoň biz aýtdyk: 'Diňe bizsiz. Biziň söweş ýükümiz ýetik.' Şu sebäpden bu ýagdaý häzir dowam edýär, emma oňa bir gidere ýer tapylan badyna, men ol gider diýip umyt edýärin."

Ak tam Snowden dissident däl diýýär

Waşington Snowdeniň pasportyny güýçsüz diýip yglan etdi we onuň içalyçylyk aýyplamalaryna jogap bermegi üçin Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmegini isleýär. Obama adminstrasiýasy Snowdeniň adam hukuklaryny goraýjy aktiwistdigi ýa-da dissidentdigi baradaky tassyklamalary ret edýär.

Orsýetiň Federal migrasiýa gullugy sişenbe güni Snowdeniň özlerine wagtlaýyn gaçybatalga sorap ýüz tutandygyny tassyk etdi.

Ak tam geçen annada Orsýete Snowdene gaçybatalga bermezlik barada duýduryş berip, munuň Milli howpsuzlyk gullugynyň öňki işgärine "propaganda platformasyny" bermek boljakdygyny aýtdy.

Putin ozal Orsýetiň Snowdeni Birleşen Ştatlara ekstradisiýa etmejegini, bu iki ýurduň arasynda beýle şertnamanyň ýokdugyny açyk aýdypdy.

Putin bilen prezident Barak Obama geçen hepde telefonda Snowden meselesi barada maslahat etdi, emma olar iki tarapy hem kanagatlandyrýan ylalaşyga gelip bilmedige meňzeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG