Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ýerli işgärler öldürildi


Owganystanda ABŞ-nyň harby bazasyndaky işine barýan sekiz owgan işgäri “Talyban” hereketi tarapyndan atylyp öldürildi.

Owganystanyň Logar welaýatynyň polisiýa ýolbaşçysynyň orunbasary Reýs Han Sadek penşenbe güni eden çykyşynda, işgärleriň Birleşen Ştatlaryň harby bazasyndaky işine barýarka, ulaglarynyň söweşijiler tarapyndan saklandygyny we golaýdaky oba äkidilip, kellelerinden atylyp öldürilendigini aýtdy.

Hewa etrabyndaky ABŞ-nyň harby bazasynda işleýän owgan işgärleri 15 bilen 25 ýaş aralygynda bolup, olar şol etrabyň golaýyndaky obada ýaşaýar ekenler.

Owganystanda mukaddes Remezan aýynyň dowam edýändigine garamazdan, “Talyban” hereketi öz hüjümlerine dowam etjekdigine söz berdi.

Söweşijiler ýygy-ýygydan NATO we ABŞ-nyň harby bazasynda işleýän owgan işgärlerini nyşana alýar.
XS
SM
MD
LG