Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bilim üçin nähili mümkinçilikler bar?


Türkmenistanyň Döwlet Uniwersiteti.
Türkmenistanyň Döwlet Uniwersiteti.
Türkmenistanda okuw jaýlaryna kabul ediş döwri başlandy. Ýurtda bilim almak üçin şu ýyl nähili mümkinçilikler bar?

Türkmenistanyň bilim sistemasynyň häzirki ýagdaýyna ençeme ýyllap Türkmenistanyň we Orsýetiň bilim sistemasynda işlän pedagog Anatoliý Fomin syn edýär.

Azatlyk Radiosy: Şu ýyl Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna geçen ýylkysyndan 334 adamyň artykmaç alynjakdyygy habar berildi. Resmi maglumata görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna jemi 6 100 adamyň kabul edilmegi planlaşdyrylýar. Şu ýyl Türkmenistanda orta mekdebi bolsa 95 müňden gowrak adam tamamlapdyr. Ýurduň ýokary okuw jaýlaryna degişli planlaşdyrylýan bu sanlar, siziň pikiriňizçe, ýeterlikmi?

Anatoliý Fomin: Elbetde, bu san örän az. ”Galanlar näme etmeli?” diýen sorag ýüze çykýar. Adatça, okuwa girmedikler işlemeli ýa harby gulluga gitmeli bolýarlar. Emma iş bolmadyk ýagdaýynda her ýyl mekdebi gutaran ýaşlaryň köplük bolup işsizlere goşulmagyny göz öňüne getirmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Ýurtda ýaşlaryň bilim almak üçin mümkinçilikleri näderjede özgerdi diýip pikir edýärsiňiz?

Anatoliý Fomin: Bu ýerde käbir ýaşlaryň döwlet kwotalary boýunça ýurduň daşynda okamagyna döredilýän mümkinçilikleri hasaba alyp bolar. Ýurduň daşyna gidip, öz hasabyňa bilim almak hem mümkinçilikleriň ýen biri. Emma bu mümkinçilikler köpler üçin maddy taýdan elýterli däl. Şonuň üçin ýaşlaryň öz ýurdunda bilim almagy we hünär edinmegi köpler üçin iň amatly mümkinçilik bolup bilerdi. Sowet döwründe muňa uly üns berilýärdi.

Azatlyk Radiosy: Sowet döwründe Türkmenistanda ýylda orta mekdepleri tamamlanlaryň näçesi okuwyny dowam etdirip bilýärdi?

Anatoliý Fomin: Sowet döwrüne degişli sanlara göz aýlasak, ortaça hasapdan ýylda orta mekdepleri 80 müňe golaý adam tamamlaýardy. Türkmenistan resbuplikasyndan 38 müňe golaý adam ýylda ýokary okuw jaýlarynda okaýardy. Bu diňe bir Türkmenistanyň ýokary jaýlaryna däl-de, tutuş Sowet Soýuzynyň ýokary okuw jaýlaryna degişli san. Türkmenistanyň özünde orta professional we hünär öwredýän okuw jaýlarynda ýylda 30 müňe golaý adamyň okandygy barada maglumat bar. Şeýle okuw jaýlaryň sany-da köpdi, işçi hünärli adamlar hem taýýarlanýardy, olar üçin iş hem bardy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda bir wagtda orta professional okuw jaýlary ýapyldy, soňra olar ýene dikeldildi. Resmi maglumatlarda edil şu ýyl orta professional okuw jaýlaryna 6 ýarym müň çemesi adamyň kabul ediljegi, ýene 30 müňe golaý adamyň ýurduň başlangyç professional okuw jaýlarynda okamagyna mümkinçilik dörediljegi habar berilýär. Bu sanlar ýurtda dürli ugurlardan bolan hünärmentlere bolan talaba näderejede gabat gelýär diýip pikir edýärsiňiz?

Anatoliý Fomin: Agzalýan resmi sanlaryň näderejede hakykata gabat gelýändigi barada takyk bir zat aýtmak kyn. Türkmenistan tarapyndan berilýän sanlar köplenç şübheli görünýär. Emma hünärmentlere, adatça, talap uly bolýar. Şol bir wagtda-da işsizlik bolan ýerde hünärli adamlary taýýarlanyňdan soň olary iş bilen üpjün etmek meselesi-de ýüze çykýar. Bu bir-birine bagly meseleler.

Bellemeli zat, işsizlik jemgyýetler üçin uly betbagytçylyklary döredip bilýär. Meselem, ýakynda türkmen raýatlarynyň Siriýada tutulandygy barada habar ýaýrady. Meniň pikirimçe, hut bu ýagdaý hem ýurtda ýaşlara bilim almak, hünär edinmek, işläp, öz günüňi görmek üçin mümkinçilikleriň çäkli bolmagynyň netijesidir. Adamlary her hili erbet işlere baş goşmaga, ilkinji nobatda, çykgynsyzlyk iterýär. Ekstremizmiň we neşekeşleriň köpelmegi-de geljege umytsyzlykdan gelip çykýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda orta professional okuw jaýlarynyň nähili ähmiýeti bar?

Anatoliý Fomin: Bu örän wajyp, sebäbi işçiler synpyny taýýarlamak gerek. Işçiler synpy kärhanalar üçin zerur. Meselem, Orsýetde-de bu uly problema. Ýöne Orsýetdäki problema orta hünärmentlik okuw jaýlarynda okamaga islegiň az bolmagy bilen bagly. Şol bir wagtda-da dürli ugurlardan işleýän kärhanalaryň netijeliligi hünärmentleriň taýýarlyk derejesine bagly bolýar. Türkmenistanda şeýle okuw jaýlara üns artdyrylan bolsa, muňa zerur we oňyn ädim diýip baha berip bolar. Emma ýurtda bilim bermek bilen bir wagtda bu bilimiň iş ýüzünde ulanylmagy-da, ýagny iş orunlarynyň döredilmegi-de wajyp meseledir.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan orta mekdepdäki okuwy 12 ýyllyga geçirmegi planlaşdyrýar. Bu ýurduň bilim sistemasyna nähili özgerişlik getirip biler?

Anatoliý Fomin: 12 ýyllyga geçmek, elbetde, örän kyn iş. Türkmenistanyň orta mekdepleri ýaňy-ýakynda 9 ýyllyk bolupdy. Üstesine, ýurduň paýtagtynda we beýleki ýerlerinde orta mekdeplerde berilýän bilimiň hili-de tapawutlanýar. Şu ýerde bellemeli bir zat bar, hatda sowet döwründe-de oba mekdepleriniň we hatda raýon mekdepleriniň berýän onýyllyk bilim derejesi-de köplenç sekizýyllyk mekdebiň derejesinden ýokary däldi.

Garaşsyzlyk ýylarynda bolsa bu dereje hasam pese gaçdy. Meniň özüm Moskwanyň ýokary okuw jaýynda işlänimde Türkmenistanly ýaşlaryň ençemesini okuwa salypdym. Köp halatlarda olary diňe bir mekdep programmasyny okadyp, uniwersitet derejesine gabat geler ýaly edip taýýarlamak üçin bir, bir ýarym ýyl gidýärdi. Sebäbi Türkmenistanyň mekdepleri ýaşlara şeýle pes derejede bilim berýär.

Şonuň üçin türkmen mekdepleriniň 12 ýyllyga geçmegi oňyn bir netije berip biler, sebäbi okuw döwrüniň uzaldylmagy çagalara goşmaça bilimiň berilmegine mümkinçilik döreder. Bu örän zerur, sebäbi häzirki döwürde dünýäde bilimiň derejesine bolan talap örän ýokary.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda bilim ulgamynyň pese düşmegine näme sebäp boldy diýip pikir edýärsiňiz?

Anatoliý Fomin: Türkmenistanyň mekdeplerinde işlän köp mugallymlar, aýratynam ors mekdeplerinde işlän mugallymlaryň köpüsi ýurtdan gaýtdylar. 30 müň çemesi mugallym Nyýazowyň karary bilen işden boşadylypdy. Mugallymlaryň professional derejesi ýyl-ýyldan pese gaçypdy. Häzirki wagtda ýurtda mugallymlaryň hünär derejesiniň hatda sowet döwri bilen deňeşdirilende-de has pesdigini aýtmak mümkin. Üstesine, mugallymlaryň san taýdan hem ýetmezçiligi duýulýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň mekdepleriniň 12 ýyllyga geçirilmegi ýaşlaryň okuwyny dowam etdirmegine degişli problemany birneme gowşadyp bilermi?

Anatoliý Fomin: Belli bir derejede gowşadar diýip pikri edýärin. Olar mekdepde galsalar, okuwyny mekdepde dowam etdirerler hem-de geljekki planlaryny kesgitlemek üçin goşmaça wagta eýe bolarlar. Emma mekdepleriň ählisi birbada 12 ýyllyga geçip biler öýdemok.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin?

Anatoliý Fomin: Sebäbi 12 ýyllyga geçmek üçin mugallymlaram gerek, okuw programmasyny hem täzelemek gerek. Okuw programmasyny kesgitläp, ony ýyllara bölmek gerek. Munuň üçin beýleki ýurtlaryň tejribelerini ulanyp bolar, emma bu prosesiň üstünde düýpli işlemeli bolar. Ýöne, umuman, bu ýurtda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyryp biler, çagalara-da has köp bilim berler diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Okuwa girmek we ony gutarmak meseläniň diňe bir bölegi. Ýaşlaryň bilim almagyndan soňky ykbaly hem köpleri gyzyklandyrýar. Okuwdan soň işe ýerleşip bilmedik ýaşlar hem az däl. Bilim beriş prosesinde bu meseläni göz öňünde tutup bolmaýarmy?

Anatoliý Fomin: Sowet döwründe hut şu meselä uly uns berilýärdi. ”Raspredeleniýe”, ýagny bölmek diýlen bir düzgün bardy. Islendik okuw jaýyny, goý, olar ýokary ýa-da ýörite orta okuw jaýlary bolsun, gutaranlar hökman iki ýyllap belli bir ýere işe iberilýärdi. Muňa berk gözegçilik edilýärdi. Eger okuwy gutaran adam işe gitmese, onuň diplomy elinden alynýardy. Şol döwürde iberilen ýere işe barýan ýaş spesialistlere ýaşamak üçin jaý we işlemek üçin zerur şertler döredilýärdi. Bu döwletiň borjudy.

Türkmenistan hem bu sistema gaýtadan garap bilerdi. Häzirki wagtda Orsýetde-de şol sistemanyň dikeldilmegine çagyryşlar edilýär. Emma ýurduň ýolbaşçylary munuň zerurdygyny aýdýan hem bolsalar, ony işe girizmeýärler. Meniň pikirimçe, bu prosese maliýe çykdajylar päsgelçilik berýär. Sebäbi adamlara jaý bermeli, aýlyk bermeli. Sowet döwrüne nazar aýlasak, şol döwürde-de iş orunlary ilkinji nobatda oba ýerlerinde köpdi, emma şäherlerde, hatda raýon merkezlerinde-de iş orunlary ýetmezçilik edýärdi. Ýöne spesialistleriň döwlet tarapyndan ýerleşdirilmegi hünärli adamlara bolan zerurlygy deňagramly çözmäge mükinçilik berýärdi. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanda adamlar okuwa-da, işe-de özleri üstesine pul töläp girmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda Türkmenistanda bilim pudagyndaky korrupsiýany azaltmak üçin görlen çäreleriň biri ekzamenleriň geçýän wagtynda kameralary işledip, bolup geçýän ýagdaýlara gözegçilik ýola goýlupdy. Siziň pikiriňizçe, şeýle çäre netijeli bolup bilermi?

Anatoliý Fomin: Bu ýerde bellemeli zat, Türkmenistanyň bilim pudagynda dowam edýän korrupsiýa ilkibaşdan ýurduň ýolbaşçylarynyň gözegçiliginde ýola goýuldy.

Hususan-da, 90-njy ýyllaryň aýagynda ýurduň ýokary okuw jaýlaryna her ýyl girýänleriň sanawlaryny Nyýazowyň hut özüniň tassyklandygy ýadymda. Bu sanawlar häkimlikler tarapyndan düzülýärdi. Bu sanawa her welaýatdan belli bir sanyň girizilmegine rugsat berilýärdi. Bu sanawa ilkinji nobatda ýerli ýolbaşçylaryň çagalary, garyndaşlary girýärdi, galany bolsa para berýänlerden düzülýärdi.

Şeýle sanawa girizilenlere ekzamenleri tabşyrmak hem gerek däldi. Sebäbi sanawlar entek okuw ýyly gutarmanka, çaglar entek mekdepde okap ýörkä tassyklanýardy. Bu Nyýazow döwründe şeýledi, ondan soň ýagdaý düýpgöter üýtgändir öýdemok.

Kameralar barada aýdylanda, meniň pikrimçe, şeýle gözegçlik netije bermez, sebäbi para okuwa dokument tabşyrylanda, [irgözinden] berilýär. Ekzamenlerde bolsa her kim, näme ýazmalydygyny öňünden bilip ýazýar-da, tabşyrýar.
XS
SM
MD
LG