Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: Ýaşlaryň ÝOJ-lara islegi azalýar


Türkmen gyzlary
Türkmen gyzlary
Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň berýän maglumatyna görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlarynyň giriş synaglaryna gatnaşmak üçin arza tabşyran ýaşlaryň sany 27 müň töweregidir. Emma ýurtda şu ýyl orta mekdebi tamamlan ýaşlaryň sany bolsa 100 müň töweregi.

Şeýle-de geçen we ondan öňki ýyllarda Ýokary okuw jaýlaryna girip bilmän galan ýaşlary hem göz öňünde tutsak, Ýokary okuw jaýlarynyň giriş synaglaryna gatnaşmak üçin arza tabşyrýanlaryň sany bilen okuwy tamamlan hem-de öňki ýyllarda ýokary okuwa girip bilmedik ýaşlaryň arasynda uly aratapawut bar.

Bu ýaşlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmäge höwesi azmy diýen ýaly soraglary döredýär? Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, aşgabatly žurnalist Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG