Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Suw joşýar


Orsýetiň Meteorologiýa gullugy Amur regionyndaky suw joşgunynyň iň ýokary derejesine ýetendigini we tiz wagtda peselip başlajakdygyny habar berdi. Gullugyň başlygy Aleksandr Frolowyň duşenbe güni aýtmagyna görä, indi “ýagdaýyň gowulanmagyna” garaşylýar.

Ýurduň gündogarynda ýerli häkimiýetler suw joşgunynyň täze derejelere ýetendigini habar berdiler. Habarowsk şäheriniň golaýynda 6 000 çemesi jaýy suw alypdyr.
Adatdan daşary gulluklaryň hasabatlaryna görä, şenbe gününden bäri Amur derýasynda suwuň derejesi 17 santimetr ýokary galypdyr.

Orsýetiň Uzak gündogar regiony boýunça adatdan daşary merkezi suw alan ýerlerden jemi 20 müňe golaý adamyň äkidilendigini habar berdi. Orsýet resmileriniň sözlerine görä, suw joşguny jemi 35 müň ilatly 19 sany şähere howp salypdyr.
XS
SM
MD
LG