Sepleriň elýeterliligi

Mähri: 'Maşgalamy taşlap biljek däl'


 Türkmen pasporty

Türkmen pasporty

Türkmenistanyň iýul aýynda biometrik pasporta geçmegi bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň arasynda howsala döräpdi. Şol pasportlaryň diňe ýurduň içinde berilmegi bilen bagly düzgün bolsa şeýle raýatlaryň problemasyny hasam artdyrdy.

Bu problema türkiýeli ýigide durmuşa çykan türkmenistanli Mähriniň durmuşunda hasam ýiti duýulýar.

Mähriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, täze pasporty bolmansoň, degişli türk edaralary onuň Türkiýedäki ýaşaýş wizasynyň möhletini uzaltmakdan boýun gaçyrypdyrlar.

Mähri pasportyny çalyşmak üçin Türkmenistana gidip, yzyna dolanmaga rugsat edilmedik käbir joralarynyň ýagdaýyny ýatladyp, täze pasport almak üçin Türkiýedäki maşgalasyny taşlap gidip bilmejegini, emma çykalgasynyň hem ýokdygyny aýdýar.

Mähri bilen habarçymyz Döwlet Baýhan söhbetdeş boldy.



Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG