Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin suwuň joşan ýerlerine bardy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň Uzak Gündogarynda öň görülip-eşidilmedik derejede suw alan regionlaryna sapar etdi.

Putin penşenbe güni Amur welaýatyna eden saparynyň dowamynda ýerli oba hojalyk işgärleri we welaýat resmileri bilen duşuşdy. Ol suwuň joşmagynyň ýetiren zyýany üçin kompensasiýanyň beriljegini wada berdi.

Günüň dowamynda Putin Habarowsk şäherine bardy, bu ýerde Amur derýasynda suwuň derejesiniň ýokarlanmagy dowam edýär. Suwuň derejesiniň ýekşenbe güni 780 santimetre ýetjegi çak edilýär.

Amur, Habarowsk, Ýakutiýa we Ýewreý awtonomiýa regionlarynda känleriň, ekin meýdanlarynyň we ýaşaýyş nokatlarynyň onlarçasy weýran bolupdy. Bu regionlaryň suw almagyna soňky günlerde bolan güýçli ýagyşlar hem öz goşandyny goşupdy.

Orsýetde soňky 120 ýylyň dowamynda bolan bu suw joşgunynyň ýene-de bir aýlap dowam etmeginiň ähtimaldygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG