Sepleriň elýeterliligi

Türkmen okyjylary näme okaýarlar?


Kitap sergisi, Türkmenistan.

Kitap sergisi, Türkmenistan.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň prezidenti barada “Atasynyň arzuwyny amala aşyrýan” agtyk atly kitap ýapon dilinde çap boldy, ýurt baştutanynyň öz awtorlygynda derman ösümlikleri barada nobatdaky kitap çapdan çykdy. Ýakynda Moskwada geçirilen halkara kitap sergisinde Türkmenistanda çap edilen “Türkmen zenanyň taryhy portreti atly” kitabyň “medeniýet, ylym, bilim” nominasiýasynda baýrak alandygy barada habar berildi.

Türkmen metbugatyna syn edilende ýurtda diňe prezidentiň awtorlygyndaky kitaplaryň, onuň maşgalasy baradaky eserleriň, şeýle-de türkmenleriň taryhy baradaky käbir kitaplaryň çap bolýandygy barada pikir döreýär.

Soňky wagtda ýurtda mundan başga nähili neşirler çapdan çykýar? Okyjylara näme hödürlenýär? Jemgyýetde haýsy kitaplara gyzyklanma bar?

Azatlyk Radiosy bu sowallary türkmen ýazyjysy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

XS
SM
MD
LG