Sepleriň elýeterliligi

Ýer yrandy. Goduklady. Elеndi


1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titreme.

1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titreme.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nuramyradyň 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçýän gije Aşgabatda dörän güýçli ýer sarsgynyna bagyşlap ýazan goşgusy.

5-6 oktýabr, 1948
Ýer titrеdi. Ýer dеprеndi. Ýer sarsdy.
Ýer yrandy. Goduklady. Elеndi.
Gapyllykda üstün basdyran şähеr
Duýman galdy Ezraýylyň gеlеnni.
Ajal çöplеmеdi ýekе-ýеkеdеn,
Müňlеrçе jеsеdе biçdi bir kеpеn.
Göz açyp-ýumarda çöwrüldi zеmin –
Göýä Taňry Ýeriň böwrünе dеpеn.
Oýanmady şähеr -- ukudan sähеr,
Gara gijеdеn soň ak daň atmady.
Ençе günläp iňňildisi şеhitlеň
Hеm harabaň müňňüldisi ýatmady.
Ak süýtdеn başga zat emmеdik bäbеk
Gatap galdy gara kеsеk tеýindе.
Dömdi sansyz tümmеk sanlyja gündе
Türkmеn topragynyň tеkiz tеnindе.
Bagty çüwüp, gördеn diri çykanlar
Haraba arçady garynja dönüp.
Gözi ýerdе boldy, bakmady gögе,
Gan-gabarçak ellеr bilеn ýer dörüp.
Asmandan haraý ýok – düşündi ilat,
Ol etjеgin edip, elin ýuwupdy.
Üstündе bag ekеn, gül ekеn ili
Enе Ýerеm, ynha, diri ýuwutdy.
Kiçi dildеn bärdе gynanan Mеrkеz
Golun däl-dе, barmajygyn uzatdy.
Aktokaý aglady dagdan aňyrda,
Wah, sеrhеt gysgady – ara uzakdy!
Türkmеn dura-bara özünе gеldi,
Dag maraly dеýin ýarasyn ýalap.
Ýenе-dе gül ekdi, bag ekdi ýenе,
Ýyrtylan topragyn iňňеsiz ýamap.
...Türkmеn gardaş, gеl, dymaly bir salym.
Aýdym-sazy soň bir günе goýaly.
Aşgabat bu gijе tisginеr ýatar,
Ýarym ukuly hеm ýarym oýaly...
XS
SM
MD
LG