Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama täze kanuna gol çekdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama
Prezident Barak Obama ABŞ-ny pulsuzlykdan halas edýän we 16 günläp bölekleýin işlän hökümetiň öz işini doly dikeltmegine mümkinçilik berýän kanuna gol çekdi.

Ak tamyň aýtmagyna görä, Obama bu kanuna onuň taslamasy respublikanlaryň gözegçiligindäki Wekiller öýünde we demokratlaryň gözegçiligindäki Senatda çarşenbe güni kanunçykaryjylar tarapyndan makullanansoň gol çekdi.

Ak tamyň býujet boýunça edarasynyň aýtmagyna görä, federal işgärleri penşenbe güni irden işe çykýarlar. Býujet tassyklanmanka, onlarça müň federal işgärleri dynç alşa ýa-da tölegsiz rugsada iberilipdi.

Ses berişlik

Wekiller öýünde geçirilen ses berişlikde kanunyň goldawyna 285 ses, onuň garşysyna 144 ses berildi. Goldaw bildiren 198 kanunçykaryjy Barak Obamanyň Demokratik partiýasynyň agzalary bolup, 85 adam oppozision respublikan partiýadan.

Senatdaky ses berişlikde 81 adam kanuny goldady we 18 adam oňa garşy çykyş etdi.

Bu ses berişlik birnäçe hepdeläp dowam eden syýasy çykgynsyzlykdan soň amala aşyryldy. Respublikanlar Obamanyň saglygy saklaýyş reformasyndan el çekmegini talap edipdiler.

Bu kanun güýjünde galdy. Emma respublikanlar býujetiň üstünde boljak çekeleşiklerde bu meselä ýene-de dolanmagy wada berdiler.

Täze kanun diňe gysga möhletlik çykalga bolýar. Ol hökümetiň 15-nji ýanwara çenli maliýeleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Analitikler bu ýagdaýda kanunçykaryjylaryň arasynda 2014-nji ýylyň ýanwarynda hem gapma-garşylyklaryň döremeginiň ähtimaldygyny belleýärler.

Obama çarşenbe güni žurnalistlere beren gysga kommentarisinde kanunçykaryjylara barlyşyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Obama munuň amerikanlaryň ynamyny dikeltmek üçin pursat bolandygyny belledi.

Krizisiň öňüni almak

Obama kanunçykaryjylara ýüzlenip, urşuň gyrasynda yraň atmagy bes etmäge we häkimiýeti krizis arkaly dolandyrmakdan el çekmäge çagyrdy.

Obama şeýle krizisleriň geljekde döremeginiň öňüni almak üçin respublikanlar bilen gepleşik alyp barmaga taýýarlyk bildirdi.

Kongresiň karary Halkara walýuta fondunyň başlygy Krisitine Lagarde tarapyndan derhal makullandy. Ol ABŞ-nyň syýasy petige direlmeginiň dünýäniň ykdysadyýetine zeper ýetirmeginiň ähtimaldygyny ozal duýdurypdy.

Dünýä Bankynyň prezidenti Jim Yong Kim dünýäniň ykdysadyýetiniň “potensial betbagtçylykdan” halas bolandygyny belledi.

ABŞ-nyň täze maliýe ýylynyň başynda, 1-nji oktýabrdan bäri hökümetiň öz işini togtadan döwründe, ýurduň diňe esasy ugurlary hasaplanýan goranmak we howa gatnawy pudaklary öz işini doly derejede dowam etdirdi.
XS
SM
MD
LG