Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Pastor Los-Anjelese dolandy


Şu hepdäniň başynda Tähranda 24 sagatdan gowrak wagt tussag edilen amerikaly pastor, ýagny protestant keşişi Birleşen Ştatlaryna dolandy.

Pastor Edi Romero Eýranyň resmileri tarapyndan ýurtdan kowulandan soň 23-nji oktýabrda Los-Anjeles şäherine bardy. Ol žurnalistlere beren maglumatynda tussaglykda eýranly resmileriniň özüne gowy seredendigini we iňlis dilinde gürleýän sülçisi bilen “gowy, uzak wagt dowam eden gepleşikleri” geçirendigini mälim etdi.

“Meniň üçin ol ýerde bilelikde bolmak gaty gowy pursatdy” diýip, Romero aýtdy. Şeýle-de, ol özüniň iki sapar barlanandygyny we jemi alty sagat sorag-jogap edilendigini hem sözüne goşdy.

Romero 21-nji oktýabrda Eýranyň Ewin türmesiniň daşynda tussag edilipdi. Ol şonda tussaglykda saklanylýan hristian dinini kabul edenleri we adam hukuklaryny goraýjy aklawçylary goldamak maksady bilen demonstrasiýalar geçiripdi.

Romero Eýranyň Ewin türmesiniň daşynda bäş minut ýaly şygarlar gygyrandan soň garşylyk görkezmezden türme sakçylaryna tabyn bolupdy.
XS
SM
MD
LG