Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nyrhlaryň aýlyklara nähili dahyly bar?


Türkmenabadyň bazary
Türkmenabadyň bazary
Türkmenistanyň 2014-nji ýyl boýunça döwlet býujetinde aýlyklaryň, pensiýalaryň we sosial tölegleriň 10% galdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Ilatyň aýlykdyr-pensiýalaryny döwlet gaznasyndan alýan gatlaklarynyň girdejileriniň diňe indiki ýylyň başyndan köpeljegine garamazdan, ýurduň içerki bazarynda harytlaryň nyrhlary eýýämden galyp başlapdyr. Bahalaryň häzirden 15% töweregi galandygy barada habarlar bar. Aýlyklaryň galmagynyň we bahalaryň ýokarlanmagynyň arasynda ykdysady taýdan nähili arabaglanyşyk bar?

Azatlyk Radiosy Orsýetiň “RosBiznes Konsalting” agentliginiň analitika departamentiniň müdiri Aleksandr Ýakowlew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr, aýlyklaryň ýokarlanmagynyň harytlaryň gymmatlamagyna ýetirýän täsirini ykdysady taýdan nädip düşündirmek mümkin?

Aleksandr Ýakowlew: Bu, esasan, ýurduň ykdysady gurluşy bilen bagly bolýar. Bir tarapdan, döwlet öz gözegçiligindäki edaralaryň işgärleriniň zähmet hakyny artdyrýan bolsa, başga bir tarapdan, adatça, içerki bazary harytlar bilen üpjün edýän hususy sektor hem jemgyýetde girdejileriň derejesiniň ýokarlanmagyna reaksiýa bildirip, öz girdejilerini artdyrmakçy bolýar.

Bazar gatnaşyklaryna daýanýan kadaly ykdysady şertlerde bu proses, adatça, deňagramly geçýär. Giň möçberli bazaryň bar ýerinde bäsdeşlik hem uly bolýar, şeýlelikde bahalaryň agressiw ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar göze ilmeýär.

Emma bazarda bäsdeşligiň gowşak bolan ýagdaýynda we döwletiň ýa-da başga bir monopolistiň täsiriniň uly bolan ýerinde ilatyň girdejileriniň derejesiniň ýokarlanmagy puluň hümmetsizlenmegine we harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna getirip bilýär. Bu adaty bir ýagdaý.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň ýaşaýjylary aýlyklaryň galdyrylyşyndan, harytlaryň bahasynyň has tiz gymmatlaýandygyny aýdýarlar. Muňa näme sebäp bolup biler?

Aleksandr Ýakowlew: Bu her bir alyjynyň kadaly reaksiýasydyr, bahalaryň girdejilerden has ýokarlanmagy adamlary örän aladalandyrýar. Emma munuň sebäplerini anyklamak üçin inflýasiýa degişli görkezijileriň ilatyň girdejileriniň ösüşi bilen gatnaşygyny görkezýän sanlara seredilmeli. Ýöne, umuman, bahalar girdejilere garanda has ýokarlansa, bu örän erbet tendensiýadyr. Şeýle ýagdaýda adamlaryň durmuş derejesi ýokarlanyp bilmeýär. Üstesine, bu bazaryň gowşamagyna hem getirýär, sebäbi adamlaryň satyn alyjylyk ukyby peselýär.

Azatlyk Radiosy: Bu proses döwlet tarapyndan dolandyrylmalymy?

Aleksandr Ýakowlew: Köplenç şeýle ýagdaý, bazara esaslanýandygy aýdylsa-da, hakykatda döwletiň gözegçiligi astynda dolandyrylýan ykdysadyýetlerde duş gelýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da ykdysadyýet administratiw usul bilen ýa-da häkimiýet başyndaky toparlar tarapyndan dolandyrylýar.

Bu ýerde döwlet salgytlary we bahalary ýagdaýa görä adalatly kesgitlemek arkaly kadalaşdyryjy bir syýasaty amala aşyryp bilerdi. Emma şu çaka çenli muny iş ýüzünde netijeli amala aşyran ýurt ýok. Postsowet döwletleriniň beýlekilerinde-de, Orsýetde-de döwletiň ykdysadyýete gözegçilik etmegi şowly netije bermedi.

Türkmenistanda aýlyklaryň galdyrylmagynyň bahalaryň üýtgemegine getirmegi ykdysadyýetiň deňagramly däldigini, döwletiň bolsa bahalary düzgünleşdirmäge taýýar däldigini görkezýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda bolşy ýaly, aýlyklaryň, pensiýalaryň we beýleki sosial tölegleriň döwlet tarapyndan şol bir möçberde we belli bir wagtdan galdyrylmagyna ykdysady nukdaýnazardan nähili baha berip bolar?

Aleksandr Ýakowlew: Şeýle tejribeler Orsýetde hem bar. Orsýetde Türkmenistandaky ýaly takyklyk bolmasa-da, döwlet işgärleriniň aýlyklary we pensiýalar şu çaka çenli wagtal-wagtal galdyryldy. Bu bolsa döwlet tarapyndan güýçli gözegçilik edilýän ykdysadyýetlere mahsus ýagdaý. Şeýle ýurtlarda döwlet güýçli sosial funksiýany ýerine ýetirýär. Döwlet şeýle sosial syýasat arkaly ilatyň girdejileriniň derejesini kesgitlejek bolýar. Şol bir wagtda-da ilatyň girdejileriniň hakyky ýagdaýy we munuň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsiri bolsa başga bir mesele bolup durýar.
XS
SM
MD
LG