Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Işçileriň aýlyklary gijikdirilýär


Türkmen milli manady we teňňeleri
Türkmen milli manady we teňňeleri
Lebap welaýatynyň Döwlet gurluşyk-önümçilik birleşiginiň edarasynyň işgärleri aýlyk haklarynyň saklanýandygyndan nägile. Agzalýan edaranyň käbir işgärleriniň aýtmaklaryna görä, olar iki-üç aýdan bäri alyp bilmedik aýlyklaryny ýaňy-ýakynda alypdyrlar.

Aýlyklary gijikdirlip berlen adamlaryň, esasanam, agzalýan edarada dokument işlerini ýöredýänler, garawul bolup işleýänlerdigi aýdylýar. Bu ýagdaý we onuň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili maglumat berlenok. Emma şol edaranyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir işgärleriniň aýtmagyna görä, aýlyklaryň gijikdirlip berilmeginiň bir sebäbi, şol edaranyň hojalyk hasaplaşykda bolmagy bilen baglydyr.

Edaranyň hojalyk hasaplaşykda bolmaklygy, onuň öz-özüni dolandyrmalydygyny aňladýar, ýagny olara hökümet tarapyndan hiç hili pul goýberilmeýär.

Bu edaranyň işgärleriniň problemasy diňe aýlyklarynyň wagtynda berilmezligi bilen çäklenmän, edarada işleýän adamlar berilýän aýlyklarynyň juda ujypsyzdygyny hem aýdýarlar. Edarada garawul bolup işleýändigini aýdýan Kemal, öz aýlygynyň diňe 300 manada barabardygyny aýdýar.

Onsoň berilýän aýlyklarynyň hem az bolmagy, hem onuň iki-üç aýlap saklanyp tölenmegi edaranyň gurluşyk obýektlerinde işgär ýetmezçiligine-de getirýär. Bu ýagdaýyň ýiti duýlup başlanandygyny agzalýan edaranyň öz adynyň tutulmagyny islemedik ýene bir işgäri gürrüň berdi.

Netijeleri

Bu ýagdaýlaryň agzalýan edarada adamlaryň uzak saklanmazlygyna, kadrlaryň geldi-geçerligine getirýändigi, munuň-da öz gezeginde edaranyň gurluşyk obýektlerini wagtynda tabşyryp bilmezligine, tabşyrylsa-da, ol gurlan binalaryň hiliniň pesligine sebäp bolýandygy aýdylýar.

Lebap welaýatynyň Döwlet gurluşyk-önümçilik birleşiginiň edarasynyň ýoluň kenaryndaky plakaty
Lebap welaýatynyň Döwlet gurluşyk-önümçilik birleşiginiň edarasynyň ýoluň kenaryndaky plakaty
Agzalýan edaranyň guran jaýlaryndan biri hem Türkmenabat şäherindäki il arasynda ”pesoçnyý jaýlar” diýlip tanalýan ýaşaýyş jaýlar toplumydyr. Şol toplumyň gurlanyna diňe 10 ýyl töweregi bolandygyna garamazdan, şu günki gün olaryň diwarlarynyň gopup ýatan ýerlerine, ýagyş ýagsa, suw geçirýän halatlaryna duş gelinýär.

Aýlyklaryň gijikdirilmegi diňe Lebap welaýatynyň döwlet gurluşyk-önümçilik edarasynda bolýan zat däl, bu käbir hususy edaralara-da mahsus. Şeýle edaralaryň aglabasynyň gurluşyk firmalarydygy barada il arasynda gürrüňler bar.

Emma aýlyk bilen bagly bu wakalaryň edil gyşyň öňüsyrasynda ýüze çykmagy adamlaryň kynçylyklaryny hasam artdyrýar.

Lebap welaýatynyň döwlet gurluşyk önümçiliginiň işgäri özüni Kemal diýip tanadan 30 ýaşlaryndaky ildeşimiziň aýtmagyna görä, ol aýlygy wagtynda tölenmändigi üçin henize çenli çagalaryna gyş eşiklerini hem alyp bilmändir.

Awgust aýynda almaly bolsa-da, diňe häzirki tölenen aýlygy ony azda-kände ynjaldýar, emma Kemaly özüniň indiki aýlygynyň haçan beriljegi baradaky sorag alada goýýar. Bu ýagdaýlaryň indi ep-esli wagtdan bäri gaýtalanyp gelýändigine garamazdan, bu barada nähilidir bir iş alnyp barylýandygy barada resmi taýdan hiç hili maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG