Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Özbegistana sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goňşy Özbegistana iki günlük sapary başlady.

Türkmen döwlet habarlary (TDH) gullugynyň berýän maglumatyna görä, Berdimuhamedow we onuň özbegistanly kärdeşi Yslam Karimow ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda Hytaýa we Ýakyn Gündogara tebigy gazy transport etmek we energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleleri maslahat ederler.

Şeýle-de, NATO güýçleriniň 2014-nji ýylda Owganystany terk etmeginiň yz ýany Merkezi Aziýadaky regional howpsuzlyk meseleleriniň hem gepleşikleriň bir bölegi bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG