Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan aktýory Pol Woker ýogaldy


Amerikan kino ýyldyzy Pol Woker (Paul Walker), “Çakgan hem gazaply” ("Fast & Furious") diýen kinoserialda meşhurlyk gazanan aktýor Kaliforniýada bolan ýol hadysasynda aradan çykdy.

Woker 40 ýaşyndady. Ol dostunyň «Porsche» sport ulagynda sahawatlylyk çäresine gatnaşmaga barýan eken.

Şenbe güni, Los Anjelsiň golaýynda bolan ýol hadysasynda onuň dosty hem ýogaldy. Wokeriň publisisti Ame Wan Iden bu fakty tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG