Sepleriň elýeterliligi

"Duýulmaýan" saýlaw kampaniýalary


Türkmen telewideniýesinde saýlawlar barada maglumat berilýär

Türkmen telewideniýesinde saýlawlar barada maglumat berilýär

Häzirki wagtda ýurt boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 15-nji dekabrda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň soňky tapgyrlary gelip ýetdi. Paýtagtyň köçelerinde bu saýlawyň geçirilýändigi baradaky şygarlar asyldy. Saýlaw uçastoklary döredilip, olaryň ýerleşýän ýerleri bellenildi.

Deputatlyga dalaşgär Amanow Bekmyrat Annaberdiýewiç türkmen telewideniýesinde çykyş edýär.

Deputatlyga dalaşgär Amanow Bekmyrat Annaberdiýewiç türkmen telewideniýesinde çykyş edýär.

Şeýle-de Türkmen telewideniýesi boýunça deputatlyga dalaşgärleriň gysgajyk çykyşlary-da görkezilýär. Bu telewizion çykyşlarda dalaşgärler, esasan, ýurtda gazanyldy diýilýän üstünlikler barada hem-de ýurt baştutanynyň adyna alkyş aýdyp, onuň alyp barýan syýasatyna wepaly boljakdyklaryny gaýtalaýarlar.

“Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden “Döwlet adam üçindir” diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmeklige gönükdirilen milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin, Türkmenistanyň Mejlisinde halkyň bähbidine gönükdirilen kämil döwrebap kanunlaryň kabul edilmegi üçin özümiň başarnygymy, bilimimi, gujurymy, tejribämi gaýgyrman zähmet çekerin” diýip, Aşgabat şäheriniň 15-nji Gökje saýlaw okrugyndan Türkmenistanyň demokratik partiýasyndan deputatlyga hödürlenen dalaşgär Şyhmyrat Annaberdiýew öz telewizion çykyşynda aýdýar.

Dalaşgärler deputat saýlananlarynda, nähili işleri etjekdiklerini bir-iki jümle-de umumy sözler bilen aýdýarlar. Emma jikme-jik haýsy problemalar boýunça işlejekdikleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Deputatlar bilen duşuşyklar

Şol bir wagtda-da deputatlyga dalaşgärleriň ýa-da olaryň ynanylan adamlarynyň saýlawçylar bilen duşuşyklarynyň geçirilýändigi barada hem resmi metbugatda habar berilýär. Türkmen telewideniýesiniň Watan habarlar programmasynda bu duşuşyklar baradaky görkezilýän gysgajyk reportažlardan çen tutup aýtsak, duşuşyklar ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelerden o diýen tapawutlanmaýar.

Saýlaw uçastoklary

Saýlaw uçastoklary

Bu duşuşyklar, esasan, döwlet edara-kärhanalarynda, mekdeplerde we beýleki okuw jaýlarynyň binalarynda geçirilýär. Şeýle duşuşyklardan birem ýakynda Türkmenistanyň milli kitaphanasynda bolup geçdi. Agzalýan edaranyň özüni Arslan diýip tanadan işgäri bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Bu duşuşyga gatnaşdyrylanlaryň ählisi diýen ýaly edaramyzyň işgärleridi. Bu duşuşykda artykmaç soragyň berilmezligi talap edildi. Duşuşyga gatnaşýan adamlar dalaşgäre asla sorag hem bermediler”.

Raýatlaryň gyzyklanmasy

Geçen ýyllardaky saýlawlar bilen deňeşdirilende bu gezekki ses berişlikde käbir täzelikleriň göze ilýändigine garamazdan, bu çäre il arasynda saýlawa we onuň netijelerine bolan passiw garaýşa o diýen täsir ýetirmeýän bolmaga çemeli.

Aşgabadyň köçelerinde ýerleşdirilen bildirişler

Aşgabadyň köçelerinde ýerleşdirilen bildirişler

“Adamlar saýlawlar bilen gyzyklanmaýarlar. Kim saýlansa-da, bir zadyň üýtgejekdigine adamlarda o diýen ynam ýok” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy pensioner Allaberdi aga aýdýar.

Ýurduň resmi metbugatynda gyzgalaňly saýlaw kampaniýasynyň gidýändigi görkezilýän-de bolsa, halk içinde aýlanyp, haýsy-da bolsa bir dalaşgäre ses bermäge agitirleýän agitatorlara duş gelmek hem mümkin däl. Öýme-öý aýlanyp, halkyň hal-ýagdaýyndan habar tutýan dalaşgärlerem ýok.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir beýleki saýlawçylar hem öz saýlaw uçastoklary boýunça hödürlenen dalaşgärleri görmändiklerini aýdýarlar.

“Öňler sowet döwrüniň ahyrlarynda dalaşgärleriň käbirleri halkyň arasyna aýlanyp, olaryň problemalaryny sorardylar. Köçeleri bejerderdiler. Başga-da şoňa meňzeş meseleleri çözerdiler. Indi bolsa halk diýip gürleýänem ýok” diýip, Allaberdi aga aýdýar.

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan boýunça jemi saýlaw uçastoklarynyň 2446-sy döredilipdir. Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga jemi 283 dalaşgär resmi taýdan hasaba alnypdyr.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar olardan 99 dalaşgäriň Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, 21 dalaşgäriň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, 89 dalaşgäriň Kärdeşler arkalaşyklaryndan, 37 dalaşgäriň Zenanlar birleşiginden, 22 dalaşgäriň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan 15 dalaşgäriň hasaba alnandygyny habar berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG