Sepleriň elýeterliligi

"Men seni nätsemkäm dälişge göwün"


Kitap we kofe

Kitap we kofe

Şahyr Amanmyrat Bugaýewiň nobatdaky, täze goşgulary.

Mart
Gardan, gaýdan çykan, läbikden çykan,
Çyrpynyp mart geldi nurana päli.
Säher gözi gülýän gyrawa bakma,
Bu mart martlygyny görkezer häli.
Zemini palladyp, gyşyň ukusyn,
Bug edip, çyg edip göteýär göge.
Hin törüni, bag köküni gyjyklap,
Galkynyş getirdi düýn demi ýoga.
Dag “telpegi” -galyň gary apardy,
Boýy garyş-sere kiçeldi martda.
Düýn parahat ýatan gar güni geçýär,
Eräp pese akda, pes taýa ýortda.
Gyşda gyşyk bakan Gün depä galýar,
Guşlukdan öýlä çen ýere döküp nur.
Geçen ýyl martyndan bu ýyl agras mart,
Meň ýadyma geljek gyşy salyp dur.
Göwün seni
Jylawyň goýbersem, gitjek, boýnajak,
Bir bendäniň yhlas edip ekenin--
Ekinin
“Toýnagyň” mäjum eýlejek.
…Sähel erk berilse weýran ekeniň.
Jylawyňy çeksem buruljak boýnuň,
Bu kalbyma düşjek set ýara, düwün.
Agzyňdan kakyljak çeýnän çöregiň.
…Men seni nätsemkäm, dälişge göwün?
Şapak
Al daňdan synladym gyzyl şapagy,
Gaçýar garaňky.
Ikindin synladym gyzyl şapagy,
Gelýär garaňky.
Menem şapak,
Ýöne sähermi ýa şam,
Şu maňa garaňky, juda garaňky.
XS
SM
MD
LG