Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda protestler bolarmy?


Gyrgyzystandaky protestlerden bir bölek
Gyrgyzystandaky protestlerden bir bölek
Ýakynda “The Economist” websahypasy “2014-nji ýylda sosial durnuksyzlyk: protestler baradaky çaklamalar” atly sanawyny çap etdi. Bu sanawda 2014-nji ýylda sosial durnuksyzlygyň bolaýmagy mümkin 150 ýurda baha berilýär.
Türkmenistan bu sanawda 2014-nji ýylda protestleriň bolaýmagy mümkin ýokary töwekgellikli ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilipdir.
Eýse, 2014-nji ýylda Türkmenistanda protestleriň bolmagy mümkinmi?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, ÝB-niň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistan bilen bagly strategiýasy barada düýbi Brýusselde ýerleşýän Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasynyň (EUCAM), şeýle hem düýbi Ispaniýada ýerleşýän “Fride” analiz merkeziniň eksperti Ýos Bunstra bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Jenap Bunstra, “The Economist” websahypasynda 2014-nji ýylda protestleriň bolaýmagy mümkin ýurtlaryň sanawy çap edildi. Bu sanawda Türkmenistan ýokary töwekgellikli ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilipdir. Siziň pikiriňizçe, 2014-nji ýylda Türkmenistanda protestleriň bolmagy mümkinmi?
Ý. Bunstra: Meniň pikirimçe, Türkmenistanda sosial durnuksyzlygyň bolmagy üçin hemişe degerli sebäpler bar. Sebäbi Türkmenistan güýçli awtoritar döwlet. Meniň pikirimçe, sosial durnuksyzlygyň haçan döräp biljekdigini öňünden çaklamak kyn.

Hususan-da, 2013-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Ukrainada bolan wakalardan soň, muny çaklamak kyn. Sebäbi hiç kim Ukrainada şeýle protestleriň boljagyna garaşmaýardy. Şeýle wakanyň Türkmenistanda haçan boljagyny öňünden çaklamak has-da kyn.
Meniň görşümçe, “The Economist” websahypasy ykdysadyýetden, ykdysady problemalardan, şonuň bilen birlikde demokratiýanyň ýetmezçiliginden we hökümetdäki korrupsiýa ýaly şuňa meňzeş zatlardan örän lapykeç bolan we gaharalanan adamlaryň arasynda güýçli arabaglanyşyk goýupdyr.

Türkmenistan barada aýdanymyzda, ýurtda demokratiýa ýiti ýetmezçilik edýär we ol örän awtoritar döwlet. Şeýle-de ýurtda korrupsiýa güýçli. Bu hem türkmen halkynyň närazy bolmagy bolmagy üçin ýeterlik sebäplerdir. Türkmenistanda diňe ykdysadyýet uly problema däl. Sebäbi Türkmenistana gaz eksportyndan uly girdeji girýär. Şonuň üçin Türkmenistanda 2014-nji ýylda protestleriň bolmak ähtimallygyny öňünden çaklamak örän kyn.

Ýos Bunstra
Ýos Bunstra
Azatlyk Radiosy: Käbir ekspertler Türkmenistanda protestleriň bolmagyna garaşmak gaty kyn diýýärler. Ýaňy siz hem muny aýtdyňyz. Türkmenistanda protestleriň bolmagyna garaşmak näme üçin gaty kyn? Muny has anygrak gürrüň beräýseňiz?
Ý. Bunstra: Munuň esasy sebäbi biz Türkmenistan barada gaty az zat bilýaris. Ol örän ýapyk we [daşky dünýäden] üzňeleşdirilen ýurt. Türkmenistanda daşary ýurda syýahat edip bilýän adam o diýen köp däl. Şeýle-de Türkmenistanda maglumat berip biljek erkin raýat jemgyýetçilik guramalary ýok.

Şeýlelikde Türkmenistanda nämeleriň bolup geçýändigi barada bizde o diýen maglumat ýok. Bu hem [agzalan ýagdaýy döredýän] iň esasy sebäpdir.
Ikinji sebäp hem Türkmenistanda orta gatlakdaky ilatyň ýetmezçilik etmegi. Ýurtda güýçli protestleriň geçirilmegi üçin orta gatlakdaky ilatyň köp bolmagy zerur. Türkmenistanyň ilatynyň köpüsi bolsa garyp gatlaga degişli. Emma ilatyň ujypsyzja bölegi, ýagny elita gatlagy bolsa aşa baý.

Ýokary bilimli we daşary ýurtlara syýahat edip, dünýäde we ýurtda nämäniň bolup geçýändiginden habarly ýaş nesliň we orta gatlagyň ýoklugy ýurtda protestleriň geçirilmegine çäklendirme döredýär. Ýöne her niçigem bolsa, bu ähtimallygy düýbünden aradan aýryp bolmaz.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda protest geçirilse, bu nähili görnüşde amala aşyrylar?
Ý. Bunstra: Meniň pikirimçe, Türkmenistan örän awtoritar döwlet bolany üçin, eger-de ýurta protestler bolsa, dolandyryjylar we howpsuzlyk güýçleri örän ýowuz hereket ederler. Meniň pikirimçe, Türkmenistanda köpçülikleýin durnuksyzlyk bolsa, bu ýagdaý ýowuzlyklaryň döremegine sebäp bolup biler.
Şeýle protestler diňe Türkmenistanda däl, hatda Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda hem döräp biler. Bu ýurtlarda protestler geçirilse-de, bu demokratiýanyň ýetmezçiligi we korrupsiýa meseleleri sebäpli bolup biler we dolandyryjylar protestçilere garşy basyş edip, ýowuz hereketleri ulanarlar.
Meniň pikirimçe, Türkmenistanda protestleriň bolmak mümkinçiligini öňünden çaklamak örän kyn. Ýöne muňa garamazdan, ertir ýa ýene bäş ýyldan, ýa-da 20 ýyldan sosial durnuksyzlyk bolar. Sebäbi türkmen halky hem dowam edýän ýokary derejedäki korrupsiýany, demokratiýanyň we kanunçylygyň ýetmezçiligini hemişelik kabul etmez.
Şeýlelikde, belli bir pursatda bir zatlar bolup geçer. Şol gün gelende-de, häkimiýetdäkileriň protestlere görä uýgunlaşyp-uýgunlaşmajakdygyny ýa-da ýowuzlyklaryň bolup-bolmajakdygyny göreris. Men häkimiýetdäkiler ýagdaýa uýgunlaşyp, [ýowuzlyklaryň öňünden gaçyp], zerur reformalary geçirerler diýip umyt edýärin.
XS
SM
MD
LG