Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: tussaglar üçin ýöriş


Moskwada, 2012-nji ýylyň maýynda tussag edilen adamlara goldaw üçin, şäher häkimiýetleriniň ygtyýar bermeginde, protest ýörişi başlandy.

Oppozisiýa lideri Boris Nemsow häkimiýetleriň “Bolotnaýa tussaglaryny” boşatmaklaryny talap edip gygyrýan protestçileriň öňüni çekýär.

Ýöriş edýänler Moskwanyň köçelerinden gidip baryşlaryna henize çenli boşadylmadyk tussaglaryň atlaryny tutup gygyrýarlar.

2012-nji ýylyň 6-njy maýynda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk döräp, 400-den gowrak adam tussag edildi.

Şondan soň olaryň 29-syna garşy iş açylyp, 3-sine ýyl kesilipdi, biri ruhy hassahana ýerleşdirilipdi we 8-si Orsýetiň baş kanunynyň 20 ýyllygyna gabat geçirilen günä geçişe düşürilipdi.
XS
SM
MD
LG