Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Stadion üstüne stadion


Türkmenistanyň paýtagtyndaky "Aşgabat" stadiony
Türkmenistanyň paýtagtyndaky "Aşgabat" stadiony
“Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjanyň 2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ýurduň baştutanyna söz berşi ýaly paýtagtdaky S.Türkmenbaşy adyndaky Olimpiýa stadiony doly söküldi. 2001-nji ýylda gurlup 30 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionyň ömri uzak bolmady. Şeýlelikde 13 ýyllap paýtagtyň merkezinde balykgulagy ýatladan bu stadion indi ýok.

Aýdylyşyna görä, döwlet derejesinde geçirilýän köpçülikleýin baýramçylyk çärelerinde tomaşaçydan dolan bu stadionyň deregine täze 45 müň tomaşaça niýetlenen stadion gurulmaly. Täze guruljak stadion onuň töwereginde gurluşygy alnyp barylýan Olimpiýa şäherçesiniň esasy sport desgasy bolmaly.

Gurluşygyna ençeme million dollar çykdajy edilen we ony sökmek üçin hem ýene ýüz müňläp dollar sarp edilendigi çaklanylýan bu stadionyň öň näme üçin gurlandygy, häzir näme üçin sökülendigi we onuň näme kemçiliginiň bolandygy hakda resmi taýdan halka hiç hili maglumat berlenok.

"Aşgabat" stadionynyň içi
"Aşgabat" stadionynyň içi
Elbetde, “Türkmenbaşy” stadiony diňe döwlet derejesinde geçirilýän çärelerde adamdan dolýardy, onuň ýaly çärelere bolsa okuwçylaryň eltilýändigi we bu okuwçylaryň aglabasynyň resmileriň tabşyrygy esasynda stadiona sürülýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumat gowuşýardy.

Beýleki stadionlar

Paýtagtda bu stadiondan başga-da dört sany uly stadion bar. Edil “Türkmenbaşy” stadionyndaky ýaly, şol stadionlar hem, umuman aýdylanda, boş durýar. Şol stadionlarda geçirilýän esasy çäreler bolsa futbol ýaryşlaryndan we ýylda birki gezek gurnalýan baýramçylyk dabaralaryndan ybarat.

"Köpetdag" stadionynyň içi
"Köpetdag" stadionynyň içi
Mysal üçin, Aşgabatdaky “Köpetdag” stadionynda ýylyň üç paslynda futbol boýunça milli çempionatynyň duşuşyklary geçirilýär. Bu stadion 26 müň tomaşaça niýetlenilen häzirki zaman sport desgasy.

Şäherdäki beýleki stadion, “Aşgabat” stadionynda güýzde 1-2 hepde dowam edýän “Prezidentiň kubogyny almak boýunça” halkara ýaryşy hem-de garaşsyzlyk baýramynyň repetisiýalary we şol dabaranyň özi geçirilýär diýäýmeseň, ýylyň galan wagty bu stadion gum-gukluk.

Abadandaky stadionda hem ýagdaý tapawutly däl. Bu stadion dolulygyna Ahal welaýaty boýunça geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň hyzmatynda. Bu stadion hem 10 müň tomaşaça niýetlenilip gurlan.

Paýtagtyň demirýol wokzalynyň golaýyndaky “Dagdan” öňki ady “Lokomotiw” stadionynda hem köplenç golaýlap gelýän köpçülikleýin çärelere degişli repetisiýalar geçirilýär. Bu stadion hem takmynan 5 müň tomaşaça niýetlenilip gurlan.

Täze guruljak stadion

Sökülen “Türkmenbaşy” Olimpiýa stadiony 2001-nji ýylda gurlan we 30,000 tomaşaça niýetlenen stadiondy. Onuň deregine guruljak täze stadionyň 45,000 tomaşaça niýetlenýändigi aýdylýar.

"Türkmenbaşy" adyndaky olimpiýa stadionynyň sökülýän pursady
"Türkmenbaşy" adyndaky olimpiýa stadionynyň sökülýän pursady
Şeýle ýagdaýda bir stadiony söküp, täzesini gurmaga näme zerurlyk bar diýen sorag döreýär. Bu soraga resmi taýdan hiç hili jogap ýok. Emma özüni Agamyrat diýip tanadan aşgabatly trener bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Öňki stadionlar boş ýatyrka, täzesini gurmagyň zerurlygy ýok. Türkmenbaşy adyndaky öňki Olimpiýa stadionam halkara derejesinde gurlan bina. Gurlanyna ýaňy 13 ýyl boldy. Eger giňeldiljek bolsa, sökmänem rekonstruksiýa edilerdi. Bu halkyň puluny ýele sowurmak”.

Eýýäm dört stadiony bolan bu şäheriň ilaty, çak bilen aýdylanda 1 milliona golaý. Bu hem stadionlaryň näme üçin boş durýandygyny belli bir derejede düşündirýär. Emma häzirki döwürde bir däl, onlarça desgany öz içine alýan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň dowam edýändigini hem ýatlap geçmeli.

2017-nji ýylda geçiriljek Aziada oýunlary göz öňünde tutulyp gurulýan bu sport desgalarynyň arasynda ýapyk sport zallary, welotrek ýaly sport desgalary hem bar. Häzirki stadionlaryň aglabasy boş ýatyrka, Aziýa oýunlary tamamlanandan soň bu desgalaryň ykbaly nähili bolar diýen soraga häzirlikçe jogap ýok.
XS
SM
MD
LG