Sepleriň elýeterliligi

Türkmen resmileri umuman aýdylanda ýurt hem ýolbaşçylar hakda tankydy garaýyş bildirilip çap edilen maglumatlara üns bermeýärler, emma rus metbugatynda Türkmenistan barada çap bolan habarlara türkmen häkimiýetleriniň hem protest bildiren halatlary bolupdy.

Ukraina hakda rus mediasynyň maglumatlarynyň sorag astyna alynýan häzirki pursatynda, Azatlyk Radiosy Türkmenistan tarapyndan inkär edilen Russiýanyň habar serişdelerindäki käbir maglumatlara syn edip, olaryň sanawyny taýýarlady.

Goşa raýatlyk

Resmi Aşgabat rus mediasynda daşary ýurt pasporty we onuň goşa, has dogrusy türkmen-rus raýatlygy bolan adamlara ýetirýän täsiri babatynda has köp “gidişdi” diýse hem bolar.

Mysal üçin, 2011-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanynda, belli bir media gullugynyň ady tutulman, “käbir rus habar serişdelerinde peýda bolýan nätakyk maglumatlara ýa-da awtorlaryň habarsyzlygyna” üns çekilip, rus-türkmen goşa raýatlygy bolan adamlaryň meselesiniň bardygy dogrusyndaky maglumatlaryň “hakykata gabat gemeýändigi” bellenilýär. Delil hökmünde türkmen tarapy iki ýurduň arasynda baglaşylan degişli şertnamalaryň we ylalaşyklaryň sanawyny-da getiripdir.

MTS

Aşgabadyň rus habar serişdeleri bilen has “çekeleşen” beýleki bir meselesi hem 2010-njy ýylda Türkmenistanda Orsýetiň MTS mobil kärhanasynyň ýapylmagy we ondan soňky dörän ýagdaýlar bilen bagly boldy.

Şol wagt türkmen DIM-i käbir rus habar serişdelerinde MTS kärhanasynyň işiniň togtadylmagy we onuň “çekdi” diýilýän maddy zyýanlary dogrusynda ençeme tapgyr beýanat ýaýradyp, onda bularyň “hakykatdan üzňe ýa-da ýoýulan informasiýadygyny” öňe sürdi. Türkmen resmileri öz hereketleriniň kanunyň çäklerinde amala aşyrylýandygyna subutnama hökmünde gelnen özara ylalaşyklara we şertnamalara salgylanypdy.

Aşgabat 2011-nji ýylyň 18-nji noýabrynda “Rossiýa” telekanalynda “Gazprom” kärhanasynyň başlygynyň orunbasary A.Medwedewiň türkmen gazynyň gorlary dogrusynda beren intewýusyna “jogap” hökmünde beýanat ýaýradypdy.

Şol söhbetdeşlikde rus resmisi Türkmenistanyň öz gaz gorlary boýunça berýän resmi maglumatlaryny sorag astyna alypdy. Türkmen tarapy beýle beýanatlaryň “gödek” we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlaryna garşy “sylanyşyksyz” häsiýete eýedigini belledi. Aşgabat 2011-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda garaşsyz “Gaffney, Cline & Associates” audit kärhanasynyň getiren sanlaryna salgylanyp, özüniň berýän maglumatynyň hakykata gabat gelýändigini belledi.

Şeýle-de geçen ýyl Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şol ýylyň 23-nji we 24-nji iýunynda “Rossiýa 1” we “Rossiýa 24” telekanallarynda görkezilen reportažda Siriýada türkmenistanly dini ekstremistleriň söweşýändigi baradaky görkezilen maglumatlary ret edip, beýanat ýaýradypdy.

Azatlyk Radiosy resmi Aşgabadyň ýokarda agzalyp geçilen ret eden we öňe süren maglumatlarynyň näderejede takykdygyny, şeýle-de olaryň birtaraplyk nukdaýnazaryna esaslanýandygyny ýa-da däldigini garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG