Sepleriň elýeterliligi

Baku: Terrorçylyga garşy kanuny güýçlendirýär


Azerbaýjan terroçylyga garşy göreş baradaky kanunyny has hem güýçlendirmek üçin oňa üýtgetmeler girizmegi göz öňünde tutýar.
Azerbaýjanyň parlamentiniň Howpsuzlyk we Goranmak komitetiniň başlygy Ziýafat Asgarow anna güni beren maglumatynda gürrüňi edilýän kanuna giriziljek üýtgetmeleriň “halkara terrorizme, terrorizmi maliýeleşdirmäge, terrorçylykly hüjümleri gurnamaga, planlaşdyrmaga we taýýarlamaga, adamlaryň arasynda bilkastlaýyn dowul döretmäge gatnaşanlara hem-de metbugaty, internedi we sosial ulgamlary ekstremist maksatlar üçin ulananlara garşy gönükdirilen jezalary artdyrjakdygyny mälim etdi.
Asgarow kanuna giriziljek bu üýtgetmeleriň Azerbaýjanyň milli bähbidine gönükdirilendigini sözüniň üstüne goşdy.
2012-nji ýylda Azerbaýjanyň resmileri şol ýyl Bakuwda geçirilen “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi döwründe hüjümleri amala aşyrmaga gatnaşandygyny aýdyp, terrorizm aýyplamalary bilen onlarça adamy tussag edipdi.
XS
SM
MD
LG