Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Firtaş girew bilen azatlyga çykdy


Ukrain biznesmeni Dmitro Firtaş 125 million ýewro ($172 million) girew bilen azatlyga goýberildi.

Bu Awstriýanyň taryhynda goýlan iň uly girew puly hasaplanýar. Wenadaky sud anna güni Firtaşyň Awstriýadan çykmazlygy wada bereninden soň azat edilendigini aýtdy.

Ukrain oligarhy girew puluny şu hepdäniň başlarynda geçirdi. Emma sülçiler ony azat etmezden öň bu puluň gelýän ýerini barlamak islediler. Firtaş 12-nji martda, Wenada, ABŞ-nyň talaby boýunça tussag edildi.
XS
SM
MD
LG