Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boýun alyş


Beki Seýtäkow
Beki Seýtäkow

Ýazyjy Beki Seýtäkowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna

Ýazyjy Beki Seýtäkow 20-nji asyr türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyranlardan biri. Ol üç kitapdan ybarat “Doganlar”, soňra “Bedirkent” hem “Çölüň ýüregi” romanlaryny ýazdy. “Gyz salgydy” we beýleki powestleriň, ençeme hekaýalaryň awtory.

Beki Seýtäkow gyzykly sýužet gurmagyň ussady hökmünde tanalýar. Ol degişmegi halaýan, örän göwnaçyk adamdy. Halk arasynda bu ynsan bilen baglanyşykly köp-köp degişmeler galdy.

Ýazyjynyň doglan gününiň 100 ýyllygy bilen baglanyşykly şol degişmelerden käbirini ýatlaýarys.

Uzakdaky kürsi

Beki Seýtäkow Ýazyjylar birleşigine başlyk saýlanýar. Ýazyjy Goşjan Seýitmädow ony gutlamaga barýar.

Ol ýüzüne gön çekilen gara gapyny açan badyna, iki elini uzadyp:

– Essalawmaleýkim! – diýip, öňe ätleýär.

Görse alnynda ýene bir gapy bar. Ikinji gapyny-da açyp, elini ýaňadan uzadyp, täzeden salam berýär.

Goşjanyň alnynda giň otag peýda bolýar. Beki Seýtäkow giň kabinetiň töründe, hol düýpde oturan ekeni. Başlyga ýetýänçä, Goşjan iki elini öňe serip, ep-esli ýöremeli bolýar.

Görşensoňlar öz bolşundan utanan Goşjan:

– Beki aga, gaty uzakda oturan ekeniňiz – diýipdir.

Beki aga hezil edip ýylgyrypdyr.

– Inim, bosagadan ätläýen ýeriňde başlyklyk kürsüsi ýok.

Myhman hormaty

– Başlyk saýlanamsoň, dostum öýüne çagyrdy. Saçak başynda oturan badymyza onuň maşgalasy öňümde bir çäýnek çaý goýdy. Çäýnek arassa süpürgiç bilen basyrylan ekeni. Men onuň çetinden çekip, çäýnegiň üstüni açjak boldum. Görsem çäýnek ýene bir süpürgiç bilen basyrylypdyr. Dostum:

– Habardar bol, Beki, biziň maşgalamyz çaýy goşalap basyrýandyr – diýidi.

Aslynda ol çäýnegi üç gat edip basyrypdyr.

– Wagt geçdi. Meni wezipämden boşatdylar. Şol dostumyň öýüne çaýa bardym – diýip, Beki Seýtäkow gürrüň berýär.

Biz içeri girenimizden, maşgalasy bir çäýnek çaý getirip goýdy. Ol gatyrak goýdumy ýa özi bilgeşli etdimi, çäýnegiň jürnüginden çaý çüwdürilip gitdi. Üstünde örtgüjem ýok, gapdalynda käse-de. Çaýdan içmän doýdum.

Daşjagaz oklaý

Beki Seýtäkow “Sowet edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadylandan soň, az wagtlyk Ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy bolup işledi.
Beki Seýtäkowyň mazary
Beki Seýtäkowyň mazary
Onuň işe örän ir gelmek endigi bardy. Ol gelende “Aşhabad” žurnalynyň işgäri howludaky krandan çäýnek-käsesini çaýkaşdyryp, çaý üçin suw alyp duran ekeni.

Beki aga oňa:

– Inim, suwuňy köpräk al. Gaýnagyňdan menem bir çäýnek alaýyn – diýipdir.

Ol ýigit geň galypdyr.

– Çaý gaýnanyny size nähili aýdyp bolar? Oturan ýeriňeizde telefonam-a ýok – diýipdir.

– Aý, bir daşjagaz oklaý.

– O nähili daş? Men ikinji gatda, o ýüzde oturýan, siz bolsaňyz aşakda bäri ýüzde oturýaňyz ahyryn.

– Inim, hiç tapawudy ýok. Häzir atylan daş maňa gelip degýär – diýip, Beki aga parahat jogap beripdir.

Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG